Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

BEKI SEÝTÄKOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: 

I. Býujet esasynda

  1. Başlangyç synplarda okatmak.

  2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.

II. Tölegli esasda

  1. Başlangyç synplarda okatmak.

  2. Mekdebe çenli bilim we terbiýe.

Mugallymçylyk mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy uýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 2-3-i, 5-6-sy we 8-9-y günlerinde Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde (Daşoguz şäheri) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Alp Arslan köçesi, 20, tel.: 9-39-09.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.