Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; ykdysadyýet we hukuk; buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit; ykdysady howpsuzlyk; statistika; sanly ykdysadyýet; maliýe; bank işi; dünýä ykdysadyýeti; menejment; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (jemgyýetçilik iýmitinde); döwlet we ýerli dolandyryş; täjirçilik; zähmetiň ykdysadyýeti; marketing; harytşynaslyk; işewürlik-informatika).

2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (ykdysadyýetde we dolandyryşda).

3. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: hili dolandyrmak).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 5-i günleri;

  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 4-i we 6-sy günleri;

  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 10-y günleri;

  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 11-i günleri.

  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 12-13-i, 15-i we 17-si günleri;

  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 16- sy we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda); kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi (ykdysadyýetde we dolandyryşda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň beýleki ugurlary — matematika, Türkmenistanyň taryhy; geografiýa;

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 48-62-89, 48-62-75.

 

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 12-nji saglyk öýiniň Büzmeýin şahamçasy; 

  • Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi; 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

  • Dänew etrap hassahanasy;

  • Kerki etrap hassahanasy;

  • Köýtendag etrap hassahanasy;

Mary welaýaty

  • Mary şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Baýramaly şäher saglyk öýi;

  • Ýolöten etrap hassahanasy;

  • Sakarçäge etrap hassahanasy;

  • Tagtabazar etrap hassahanasy;

  • Mary etrap hassahanasy;

  • Wekilbazar etrap hassahanasy;

  • Murgap etrap hassahanasy;

  • Türkmengala etrap hassahanasy;

  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

№ 21 mekdep, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, telefon: 2-07-06

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Daşoguz şäherindäki Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

№24 mekdepGagarin kiçi etrapça,  telefon: 3-79-32 

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

№14 mekdep, Gorkut ata köçesi10, telefon: 4-43-57, 4-43-58

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

27 mekdepAzatlyk köçesi, 36, telefon: 4-52-95

Aşgabat şäheri (80012)

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, 1972–nji (Atatürk) köçe, 73, telefon: 48–62–89, 48-62-75.

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Instituta jemi kabul edilmeli talyp sany:

 

Hünärmenleri tayýarlamagugry we hünärleri

2023-nji ýyl üçin meýilnama

Şol sanda:

AH

BN

DZ

LB

MR

AG

I. Tölegli esasda BAKALAWR taýýarlamak:

 

Hemmesi

 

113

77

 

 

122

315

1

Ykdysadyýet we dolandyryş

 

102

69

 

 

110

287

2

Informatika we hasaplaýyş tehnikasy

 

8

6

 

 

9

21

3

Tehniki ulgamlarda dolandyryş

 

3

2

 

 

3

7
















Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
16 Jul, 2023
@Agageldi Her kim synagy oz yokary okuw jayynda tabsyrmaly
Agageldi 16 Jul, 2023
Yokary okuw synagy,yagny institudyn synagy haysy mekdepde geçyär
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 14 Jul, 2021
@M , Öň şu fakultetler bardy: Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment, Marketing
M 14 Jul, 2021
Okuwyñ dine 3 fakulteti bami
Admin 14 Jul, 2021
@Dilsxat ýok, eneň-ataň bilen barmak hökman däl.
Dilsxat 14 Jul, 2021
Dokument tavşyrmana barylanda ene ata bn barmak xokmanmi?
Admin 14 Jul, 2021
@Hatyja ýokaryny doly okasaň, anyk ýazylgydyr.
Admin 14 Jul, 2021
@Ayjeren ony bilemok entek, maglumat tapsam hökman goýarn.
Admin 14 Jul, 2021
@Sabrina esasy 3 arka ýazmaly, ondan artyk resmi kagyz gerek däl.
Admin 14 Jul, 2021
@Madina , ýok eneň ataň goly gerek däl
Madina 14 Jul, 2021
Velayat merkezinde Kagyz tavşyrlanda ene atanyñ goly gerekmi?
Sabrina 14 Jul, 2021
Ata enesinin nikasy bozulan bolsa nahili resmi kagyzlar gerek bolar
Ayjeren 14 Jul, 2021
Salam uniwersitite balkandan nace talyp kabul edilmeli?
Hatyja 13 Jul, 2021
Synaglarda haysy fakultetlarda geografiyadan synag bar haysylarynda fizikadan bar aydayynda
roza 12 Jul, 2021
kop sagbolun
Maysa 11 Jul, 2021
Synaglar Maryda haysy mekdepde gecirilyar?
begenc 10 Jul, 2021
synaglar haysy mekdepde bolyar