Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI
2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inženermugallymlary taýýarlamak); ösümlik ýagyny öndürmek).
2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agrohimiýa we topragy öwreniş; ösümlikleri goramak; miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi).
2. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).
3. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (hünär: ýer gurluşygy we kadastrlar).
III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: zootehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa).
IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda).
2. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa).
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda).
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; weterinar lukmançylygy; taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa; zootehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa) — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastrlar; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek; mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek) — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýändalaşgärler peýdalanýarlar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
№ 21 mekdep, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, telefon: 2-07-06
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
Türkmen oba hojalyk instituty, Ruhnama köçesi, 94, telefon: 5-26-39
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi, Dostluk şäherçesi, Zelili köçesi, 1, telefon: 9-87-71, 9-89-56
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
№15 mekdep, Galkynyş köçesi, 1, telefon: 7-73-64, 7-73-65
Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)
№1 mekdep, Keýmir kör köçesi, 1, telefon: 3-62-14
Aşgabat şäheri (80012)
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, 2009–njy (Görogly) köçe, 143, telefon: 34–27–46, 34–07–77, 34–25–64.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
|
Hünärmenleri tayýarlamagyň ugry we hünärleri |
2023-nji ýyl üçin meýilnama |
Şol sanda: |
|||||
AH |
BN |
DZ |
LB |
MR |
AG |
|||
|
Hemmesi
|
|
|
55
|
|
|
|
|
I. Býujet (Stipendiýa) esasda HÜNÄRMEN taýýarlamak:
|
||||||||
|
Hemmesi
|
|
|
29
|
|
|
|
|
1 |
Agronomçylyk |
|
|
3 |
|
|
|
|
2 |
Ýüpekçilik |
|
|
1 |
|
|
|
|
3 |
Bagbançlyk, miweçilik we gök ekerançylyk |
|
|
1 |
|
|
|
|
4 |
Tokaý we seýil bag hojalygy |
|
|
2 |
|
|
|
|
5 |
Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy |
|
|
1 |
|
|
|
|
6 |
Gidromeliorasiýa |
|
|
5 |
|
|
|
|
7 |
Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek |
|
|
6 |
|
|
|
|
8 |
Melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek |
|
|
2 |
|
|
|
|
9 |
Oba-hojalygy (Inžener-mugallymlary taýýarlamak |
|
|
2 |
|
|
|
|
10 |
Weterinar lukmançylygy |
|
|
6 |
|
|
|
|
II. Tölegli esasda HÜNARMEN taýýarlamak:
|
||||||||
|
Hemmesi
|
|
|
10
|
|
|
|
|
1 |
Agrohimiýa we topragy öwreniş |
|
|
1 |
|
|
|
|
2 |
Ösümlikleri goramak |
|
|
1 |
|
|
|
|
3 |
Ýer gurluşygy we kadastrlar |
|
|
2 |
|
|
|
|
4 |
Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek |
|
|
1 |
|
|
|
|
5 |
Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek |
|
|
1 |
|
|
|
|
6 |
Dänäni gaýtadan işlemek |
|
|
2 |
|
|
|
|
7 |
Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy |
|
|
2 |
|
|
|
|
III. Býujet (Stipendiýa) esasda BAKALAWR taýýarlamak:
|
||||||||
|
Hemmesi
|
|
|
6
|
|
|
|
|
1 |
Zootehniýa |
|
|
3 |
|
|
|
|
2 |
Senagat balykçylygy |
|
|
2 |
|
|
|
|
3 |
Kinologiýa |
|
|
1 |
|
|
|
|
IV. Tölegli esasda BAKALAWR taýýarlamak:
|
||||||||
|
Hemmesi
|
|
|
10
|
|
|
|
|
1 |
Ýyladyşhana hojalygy |
|
|
1 |
|
|
|
|
2 |
Agroekologiýa |
|
|
1 |
|
|
|
|
3 |
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (Oba hojalygynda) |
|
|
2 |
|
|
|
|
4 |
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti |
|
|
2 |
|
|
|
|
5 |
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (Oba hojalygynda) |
|
|
2 |
|
|
|
|
6 |
Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (Oba hojalygynda) |
|
|
2 |
|
|
|
|