10(7 ýaş) Ýaşaýyş durmuş esaslary Soragnama

Awtor: -
Neşirýat:
Bölüm:
Sahypa: 3 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,37 MB
Çeşme: Milli Bilim Instituty
Tags: Mekdep

2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy synp okuwçylary (7 ýaşly) üçin ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden geçiriljek synpdan synpa geçiş synaglarynyň

SORAGNAMALARY

 

1-nji soragnama

1.Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasy, onuň esasy maksady we wezipeleri.

2. Ahlak we ahlaklylyk barada düşünje.

3. Iýmitlenmegiň medeniýeti we etiketi.

 

2-nji soragnama

1. Döwletiň ýetginjekleriň sagdyn durmuşýörelgelerine eýermekleri baradaky aladalary.

2. Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň edep kadalary.

3. Adamyň saglygyna daşky gurşawyň we sosial faktorlaryň şertleriniň täsiri.

 

3-nji soragnama

1. Reproduktiw (önelge) saglygy barada düşünje.

2. Şahsy gigiýenanyň düzgünleri we olary berjaý etmegiň zerurlygy.

3. Donorlyk.

 

4-nji soragnama

1. Türkmenistanyň adam saglygy, ony goramak we berkitmek baradaky kanunçylygy.

2. Adamlaryň özara gatnaşyklary, olaryň görnüşleri we durmuşda tutýan orny.

3. Mekdep okuwçysy üçin gün tertibi. Mekdep okuwçynyň lybasy.

 

5-nji soragnama

1. Ynsanperwerlik düşünjesi. Ýetginjekleri ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek.

2. Sagdyn iýmitlenmegiň piramidasy.

3. Zäherli haýwanlar (mör-möjekler, möýler, sakyrtgalar, ýylanlar) we olardan goranmak. Zäherli ýylan çakanda zäherlenmede ilkinji kömek.

 

6-njy soragnama

1. Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak baradaky döwlet syýasaty.

2. Kesilmeler we gan akmalar. Gan akmalarda berilýän ilkinji kömek.        

3. Guduzlama keseli. Nätanyş haýwanlardan, aýratyn hem olaryň ýabany görnüşlerinden seresap bolmak.

 

7-nji soragnama

1.Erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklylygynyň konstitusiýa esaslary.      

2. Umumy we şahsy gigiýena bolan talaplar.

3.Ýangyn, onuň döremeginiň sebäpleri we öňüni alyş çäreleri.

 

 

8-nji soragnama

1. Gözellik düşünjesini kemala getirmek şahsyýetiň ahlak keşbini kämilleşdirmegiň esasy usullarynyň biridir.

2. Ýokanç aşgazan-içege keselleri, olaryň döremeginiň sebäpleri, öňüni alyş çäreleri.

3. Bedeni dogry saklamagyň bozulmalary, onyň görnüşleri we ähmiýeti.

 

9-njy soragnama

1. Ýaşaýyş üçin howply faktorlar we keseller.

2. Nädogry iýmitlenmek, olaryň öňüni almagyň ýollary.

3. Bedeni taplamak, onyň görnüşleri, düzgünleri we saglyk üçin ähmieýti.

 

10-njy soragnama

1.Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamakda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tutýan orny.

2. Ýer titremeler ─ tebigy betbagtçylykly hadysadyr. Ýer titremesinde özüňi  we köpçüligiň howpsuzlygyny goramagyň kadalary.

3.Telewizoryň we kompýuteriň şöhleleriniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany.

 

11-nji soragnama

1. BMG-niň Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýasy.

2. AIW/AIDS, olaryň öňüni almagyň ýollary.

3. Ýetginjekleriň iýmit rasiony.

 

12-nji soragnama

1. Ýetginjek we onuň boş wagty.

2. Uky we onuň adamyň ýaşaýyş-durmuşyndaky ähmiýeti.

3. Bogulma. Bogulmada berilýän ilkinji kömegiň düzgünleri.

 

13-nji soragnama

1. Saglygy berkidýän faktorlar.

2. Zäherli ösümlikler we olardan zäherlenmegiň alamatlary. Kömelekler bilen zäherlenme.

3. Maşgalada özüňi alyp barmagyň edep kadalary.

 

14-nji soragnama

1. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy».

2. Gigiýena ─ saglygy saklamak we berkitmek hakyndaky ylymdyr.

3. Sowuk alma. Bedeniň temperaturasynyň çakdanaşa peselmegi  (gipotermiýa).  

 

15-nji soragnama

1. Eneligi we çagalygy goramak. 

2. Tebigatda dynç almak, onda özüňi alyp barmagyň düzgünleri we medeniýeti.

3. Maşgala gatnaşyklary we olaryň edebi, ahlak kadalary.

16-njy soragnama

1. Nesil saglygyny goramak bilen meşgullanýan edaralar we guramalar.

2. Maşgalanyň ruhy, maddy, medeni, ahlak gymmatlyklary.

3. Iýmit zäherlenme. Iýmit zäherlenmelerinde ilkinji kömegiň berlişi.   

 

17-nji soragnama

1. Ýetginjekleriň durmuşda ýüze çykýan kynçylyklardan baş alyp çykmaklary.

2. Açyk we ýapyk döwükler. Daňylar we olaryň görnüşleri.

3. Zyýanly endikler, onyň görnüşleri, olaryň döremeginiň sebäpleri.

 

18-nji soragnama

1. Psihika we temperament barada umumy düşünje, onyň görnüşleri (holerik, sangwinik, melanholik, flegmatik). 

2. Döwlet derejesinde alkogolly içgilere garşy geçirilýän göreş çäreleri.

3.  Ýetginjeklerde ruhubelentligi terbiýelemegiň ýollary.

 

19-njy soragnama

1. Sussupeslik we onuň şahsyýetiň ösmegine ýetirýän täsiri. Sussupesligi ýeňip geçmegiň ýollary.

2. Saglyk hakynda düşünje.

3. Himiki şikeslenmeler we onda ilkinji kömegiň berlişi.

 

20-nji soragnama

1.Ýaşlaryň sagdynlygy – jemgyýetiň abadançylygynyň durmuş-ykdysady şertleri.

2. Mekdep okuwçysynyň gün tertibi.

3. Adamyň Türkmenistanyň gurak, yssy howa şertlerine uýgunlaşmagy.

 

21-nji soragnama

1. Nika we maşgala. Nikalaşmagyň şertleri we tertibi.

2. Döwletimizde çilimkeşlige garşy alnyp barylýan çäreler. 

3. Gözellik serişdeleri, moda we saglyk.

 

22-nji soragnama

1. Türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklary.

2. Özüňi alyp barmak we onyň görnüşleri (assertiw, passiw, agressiw). 

3. Bedeniň çendenaşa sowamagy, onda berilýän ilkinji kömek. Bedeniň temperaturasynyň çendenaşa peselmegi (gipotermiýa).

 

23-nji soragnama

1. Türkmenistanda ýetginjekleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri barada edilýän aladalar.

2. Ýetginjekleriň saglygyna iýmitiň we iýmitlenmegiň täsirleri. 

3. Bedeniň çendenaşa gyzmagy, onda berilýän ilkinji kömek. Bedeniň temperaturasynyň çendenaşa ulanmagy (gipertermiýa).

 

24-nji soragnama

1. Durmuş endikleri barada düşünje.

2. Ýetginjekleriň saglygyna fiziki işjeňligiň täsiri.

3. Ýanyklar we olarda berilýän ilkinji kömek.

 

25-nji soragnama

1. 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar»  ýyly.

2. Ýol-ulag hadysalarynyň sebäpleri we öňüni alyş çäreleri.

3. Elektrik togundan şikeslenme, onuň ilkinji kömek.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Türkmenistanyň Milli bilim instituty.

 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 26 Apr, 2020
Ekzamen taýýar jogaplary almak üçin:
+99363 84 29 79 -IMO-dan ýazyň