Türkmen sporty-Abuna ýazyl

Türkmen sporty “ gazetinde çap edilýän maglumatlarda hormatly Prezidentimiziň halkara ykrarnamasyna eýe bolýan sport syýasaty yzygiderli beýanyny tapýar.

 

1997-nji ýylyň 11-nji fewralyndan bäri çap edilýän “Türkmen sporty” gazeti türkmen hem-de dünýä sportunyň täzeliklerini, iň güýçli türgenler hakyndaky maglumatlary žurnalistikanyň dürli žanrlarynda öz wagtynda we üç dilde—türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde okyjylara ýetirýän 8 sahypalyk neşirdir.

Ol ýurdumyzyň ýeke-täk sport gazeti bolup, her hepdäniň şenbe güni çykýar.

Gazetimiziň her sanynda siziň üçin skanwordlary çap edýäris.


Neşiriň 6 aýlyk bahasy 39 manat. Gazetiň bir sanynyň bahasy 1,50 manat.

Indeksi – 69467.