Halkara Nowruz baýramy.

Halkara Nowruz baýramy.

Halkalary biri-birleri bilen has golaýlaşdyrýan, ysnyşdyrýan, jebisleşdirýän wakalaryň birem baýramçylyklardyr. Nowruz baýramam şolaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Ol dünýä döwletleriniň biri-biri bilen gatnaşyk açmagyna ýardam berýär.

2010-njy ýylda Birleşen milletler Guramasynyň  Baş Assambleýasy her ýylyň mart aýynyň 20-sini Halkara Nowruz baýramy diýip yglan etmek baradaky karar Kabul etdi. Halklaryň arasaynda paraharçylygyberkitmäge goldaw berýän bu toý, bu dessur dünýä ýüzüne Gündogar halklaryň taryhy-medeni, däp-dessurlaryny ýaýmaga uly goşant goşýar.

Geçen ýyl biziň bitarap ýurdumyzda giňden, halkara möçberinde  bellenilen Nowruz baýramy ýene-de ýetip geldi. Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanowyna girmek bilen, halklaryň jebisleşmegine ýardam berýär. Eýsem Nowruz name? bu barada şahyr şeýle diýýär:

Nowruz diýmek – aýyň, güniň dowamy,
Nowruz diýmek – täze ýylyň dowamy,
Nowruz diýmek – täze döwriň dowamy,
Nowruz diýmek – täze önriň dowamy, 

Pederleriň tutumlarynyň dowamy, 
Berkarar döwletiň Bagtyýar zamany,
Nowruzymyz üstünligiň dowamy,
Hoşniýetlileriň, arzuwlaryň dowamy,

Galkynyşyň, özgerişiň dowamy,
Açyşlaryň, belent işleň dowamy,
Äleme bagş edip asudalygy,
Alkyş alyň, köp gazanyň sogaby!

Hawa, Nowruzda her kim başardygyndan halkyny, il-gününi, ýurduny, däp-dessurynywasp edýär. Oýunlar oýnalüar, degişmeler aýdylýar, aýdym-sazlar belentden çykýar. Däp dessurymyz barada aýdylanda, Nowruzda semeni bişirilýändigini, tagamlaryň dost-ýarlara, goňşylara paýlanýandygyny, her bir tagamyň waspynyň ýetirilýändigini belläp geçeliň. Ine bir folklore toparyň çykyşy. Onda şeýle setirler bar:

Bolsun-u bir gadym palow-dostlara hezzetin kyl,
Lezzeti başga, iýmeseň ýüregiň dagly Pal;ow.
Ýetik bolsun jüýjesi, käşirim ýagy,sogany,
Emma weli bir çeti aşpeze-de bagly palow.

Kändir milli tagam, şypa Tamdyr nanayň gyýagy,
Süýji bolýar bagyr-öýken hem goýunyň süýegi,
Günebirin zyňyp göýbär elindäki taýagy,
Eger agsak iýse biziň kellebaşaýagy.
Ilimiziň tagamlary tagamlardan zyýada,
Sanasaň sogaby bar, hemmejesi düşmez ýada,
Iýseň ulag küýsemersiň, gidibersiň piýada,
Tagamyň naýbaşysy bu ajaýyp tamdyrlama.

Halklaryň däp desurlary köp. Aýdym aýtmak, tans etmek, degişmek, öýkenmek, goşgy goşmak, gazal çekmek….

Galkynýar ilim,
Saýraýar dilim.
Nowruzda parlap,
Açylýar gülim.

Dost-doganlara,
Açyp gujagyn.
Türkmen ýaýlasy,
Ýazar saçagyn.

Arassa asman,
Parahat sähram,
Dost toýun tutýar,
Dünýä dek ýäýlam.

Ýene bir ýerden ýigitleriň gyzlara hoş arzuwlary eşidilýär:

Güýz bilen bahar ara,
Nowruz geldi diýara.
Aşyk küýsäp magşugyny,
Gül gowşyr söwer ýaryna.
Hormat goýup gyzlara,
Meňzäliň pederlermize.
Şatlanalyň, oýnalyň,
Nowruz toýun toýlalyň!

Şeýle şatlyk şowhun bilen biziň Bagtyýar halkymyz bu ýylam Halkara Nowruz baýramyny giňden belleýär. 
Toýuňyz toýa ulaşsyn!