4 Türkmen dili Diktant

Awtor: -
Neşirýat:
Bölüm:
Sahypa: 5 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,44 MB

                               Türkmenistanyň Bilim ministrligi

                                Türkmenistanyň Milli bilim instituty

     

            IV synpy gutarýan okuwçylaryň synpdan-synpa geçiriliş sepgit

    synaglary üçin taýýarlanylan diktantlaryň nusgalary

                                                 IV synp   

                                           Barlag  diktanty

                                          Maşgala terbiýesi

        Edep-terbiýäniň ilkinji başlangyçlary maşgaladan başlanýar. Ata- babalarymyzdan bize miras galan edim-gylymlardan maşgala agzalarynyň nusga almagy zerur hasaplanylýar.

       Çaga örän synçy bolýar. Ata-eneleriň berýän öwüt-ündewleri çaga üçin nusga bolup durýar. Ata-eneler öz çagalaryna gowy görelde görkezmegi başarmalydyrlar. Gaga göwnejaý terbiýe bermekde maşgalada agzybirligiň, birek-birege hormat goýmagyň edebi dogry berjaý edilmelidir.

      Sebäbi, çaganyň gözi bilen gören, gulagy bilen eşiden zady oňa uly täsir edýär. Çaga berilýän görüm-görelde diňe halallykdan tutulmalydyr. Çaga terbiýesi ene süýdi ýaly halal bolmalydyr.                                                                     

                                                                                                                     (84 söz.)

                                              Barlag  diktanty

                                              Milli şaý – seplerimiz

         Altyn-kümüşden ýasalan milli şaý-seplerimiz özüniň owadanlygy  bilen tapawutlanýar. Milli nagyşlar bilen bezelen keteni köýnek, kümüşden ýasalan gülýaka, bilezik zenanlara üýtgeşik gelşik beripdir.

       Türkmen zenanyny şaý-sepsiz göz öňüne getirmek mümkin däl.  Zenanlaryň dakynýan şaý-sepleri boýunça olaryň ýaşyny hem kesgitlemek bolýar.

        Gupba, çekelik ýaly bezegler ýaş gyzlara mahsus bolupdyr. Ýaşy ulurak zenan maşgalalar tumar, heýkel, bäzbent, eginlik ýaly şaýlary dakynypdyrlar.

       Gadym döwürlerde zenanlar otuz bäş ýaşdan soň   şaý-sep dakynmagyň ýeňilleşdirilen görnüşine geçipdirler. Ýaşuly enelerimiz diňe heýkeldir tumar dakynyp oňupdyrlar.

                                                                                                                     (85 söz.)

                                                 Barlag  diktanty

                                                 Uly özgertmeler

        Ata- babalarymyz ylym bilimiň bar ýerinde ösüşiň, röwşen geljegiň bardygyna düşünipdirler. Her bir döwletiň ösmeginde bilimiň täsiri uludyr. 

        Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynyň dörebap ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Geljegimiz bolan ýaş nesliň sowatly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri  üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar.

       Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly borçdur we bagtdyr. Eziz Watanymyzda  ylym-bilime goýulýan hormat, bildirilýän ynam  çäksiz uludyr.

      Dünýä derejesinde ösüp barýan ýurdumyzyň geljegi ýaş nesliň  ylymly-bilimli bolmagyna baglydyr.

                                                                                                                (85söz.)

                                        Barlag  diktanty

                                       Mukaddes borjumyz

Daş-töweregimizi gurşap alan tebigat hakykatdan hem biziň öýümizdir. Tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek bolsa biziň her birimiziň esasy borjumyzdyr.

Garaşsyz,  baky Bitarap Türkmenistan watanymyzda ekerançylyk üçin zerur şertleriň hemmesi bar. Ekin ekmäge-de ýaramly ýerler näçe diýseň köp.Tebigat hemişe gözegçilige, eýeçilikli goralmaga mätäçdir.

Şonuň üçin hem Hormatly Prezidentimiz Türkmenistany bagy – bossanlyga öwürmek üçin, döwlet derejesinde bag ekmekligi esasy üns merkezinde saklaýar. Bag durmuşyň bezegi. “Arassaçylyk saglygyň girewidir!” diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar.

        Tebigatymyzy aýawly saklamak biziň her birimiziň Watan öňündäki mukaddes borjumyzdyr.

(84 söz.) 

                                

 

 

 

                                    Barlag  diktanty

                                  Gözelligiň belent nusgasy

           Türkmen halkynda “Enemi gören mähriban, atamy gören gadyrdan“ diýen parasatly nakyl bar. Zenan maşgala dünýäniň bezegi, ýaşaýşyň dowamaty, öýüň diregi hasaplanylýar.

           Eneler durky bilen mähre, pähim-paýhasa ýugrulandyr. Ene mertebesi Watan mukaddesligi bilen deňelýär. Mähriban enelerimiz öz  çagalaryna  asyllylyk, lebzi halallyk, Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik  ýaly ajaýyp häsiýetleri öwredýän terbiýe mekdebidir.

          Türkmen gelin-gyzlarynyň elinden dür dökülýär. Gelin-gyzlarymyz keşde çekmegiň ussady hasaplanylýar.

          Enelerimiz öz çagalaryna bolan mähribanlygy bilen däl-de, eýsem zähmetsöýerligi bilen hem ýaş nesillerimiz üçin gözelligiň belent nusgasydyr.

                                                                                                                      (85 söz.)

                                          Barlag  diktanty

                                          Haly baýramy

           Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen halysynyň şanyna uly toý tutulýar. Türkmen halysynda halkyň özboluşly ruhy medeniýeti, çeperçilik ukyby, başarnygy hem-de göwün islegi öz beýanyny tapypdyr. Türkmen halysy bize geçmişimiz tarapyndan peşgeş berlen uly hazynadyr.          

         Gelin-gyzlarymyz özleriniň arzuw-hyýallaryny, gülli-gülälekli tebigatymyzy hala geçirmegi başarypdyrlar. Gölleri güneşe deňelýän, törümiziň bezegi bolan türkmen halysyny näçe taryplasaň hem bärden gaýdýar.Türkmen halylary türkmeniň iň mukaddes zatlarynyň biri hasaplanylýar.

         Biz halyçy gelin-gyzlaryň daraklarynyň sesiniň  batly, ruhlarynyň belent bolmagyny arzuw edýäris.

                                                                                                           (80 söz)

 

 

 

 

 

 

                                              Barlag  diktanty

                                               Nowruz baýramy

             Baharyň gelmegi bilen tebigat has gözelleşýär. Gök maýsanyň ýakymly ysy hemmeleri maýyl edýär. Adamlaryň göwni açylyp, ruhy göterilýär. Bu zatlaryň ählisi ülkämize Nowruzyň gelendigini habar berýär.

      Nowruz sözi aslynda täze gün diýmegi aňladýar. “Türkmenistan – rowaclygyň Watany”  ýylynda Milli bahar baýramynyň bellenilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp Nowruz baýramçylygyna halkymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar.

       Nowruz adamzadyň kalbyna ruhubelentligi, şatlyk-şowhuny we mähir- muhabbeti bagyş edýän baýramdyr. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Nowruz baýramy her ýyl döwlet derejesinde baýram edilip bellenilýär.

                                                 (82 söz)

                                         

                                                Barlag  diktanty

                                                 Beýik Ynsan

          Berdimuhamet Annaýew öz döwrüniň beýik mugallymydyr, görnükli şahsyýetdir. Ol halkyň sowatsyzlygyny aradan aýyrmak üçin biçak uly işleri bitiren ynsandyr.

         Berdimuhamet mugallym hiç haçan öz bähbidini aran adam bolmandyr. Ol ömrüni diňe Watana, ili-gününe bagyşlan adamdyr. Şol ýyllarda mugallym bolup işläýmek aňsat däl. Onsoňam ol döwürde mugallymlar üçin häzirki ýaly mümkinçilikler barmy näme? Nätanyş adamlar bilen işleşmeli, dilini tapmaly.

       Berdimuhamet mugallym haýsy obada işlese-de adamlara derrew özüni aldyrmagy başarypdyr. Munuň özi onuň beýik adamkärçiliginden nyşandyr.

       Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömri watandaşlarymyz üçin nusgalyk mekdepdir.

                                                                                                      (84 söz.)

                                              

 

 

 

 

                                               Barlag  diktanty

                                               Türkmen gawunlary

         Ata-babalarymyz türkmen gawunlarynyň ýüzlerçe görnüşini döredipdirler. Gawunlaryň tagamyna, keşbine görä at beripdirler.

           Berkarar  döwletiň bagtyýarlyk  döwrüniň babadaýhan bakjaçylary gawunlaryň gadymy tohumlaryny dikeltmek bilen, olaryň täze görnüşlerini hem döretmegi başarýarlar. Olar täze döredilen gawunlary döwrümize kybap atlandyrýarlar.

        Waharman, gülaby, gürbek, garrygyz ýaly gadymy görnüşleri bilen bir hatarda şagawun, akmaral, mermergawun, şekerpara ýaly gawunlaryň ençeme görnüşleri hem giňden ýaýrandyr. Gawunlaryň bu görnüşleri toýlarymyzyň, saçaklarymyzyň bezegi bolup durýar.

        Gawunlar adam saglygyny dikeltmekde hem giňden peýdalanylýar. Kesbiňizden kemal tapyň, mähriban babadaýhanlar!                     (80 söz.)                      

                                                                                                                                                                                    

                                                 Barlag diktanty

                                                  Paýhas çeşmesi

      Hormatly Perzidentimiziň bize peşgeş beren Paýhas çeşmesi kitaby çaga terbiýesinde pähim – paýhaslardan peýdalanyp, milli mirasymyza sarpa goýmakda  ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär.

      Her bir adamyň akylly, paýhasly, parasatly, wepaly dosty bolýar. Şol dost hem kitapdyr. Kitap akyl hem paýhas çeşmesidir. Kitaby söýýän, ony höwes bilen okaýan, oňa sarpa goýmagy başarýan adam bagtlydyr. Hormatly Prezidentimiziň Paýhas çeşmesi kitaby her bir ynsanyň öňünde giň dünýäni açýar.

     Söýgüli kitabymyzyň sahypalary bizi, gör, nirelere alyp barýar. Bu kitap ynsan kalbyny tämizläp, aňyny durlaýar.                                             (81söz)

 

                                               Taýýarlamaga gatnaşdylar:

      Türkmenistanyň  Milli  bilim  institutynyň Mekdebe  çenli  terbiýe  we  başlangyç  bilim bölüminiň  uly  ylmy  işgäri                                                                               D.Aşyrowa.                                                                                               

    Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow  adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň başlangyç synp  mugallymy                                                                                                          O. Mämmetgulyýewa                                                

    Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiniň başlangyç

synp mugallymy                                                                                           J.Annamyradowa       

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.