Beýik köňle syýahat

Awtor: Nury Halmämmet
Neşirýat: -
Bölüm: ,
Sahypa: 187 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,98 mb

Nury Halmämmet-Beýik köňle syýahat

Gündogardan günbatara baka akyp barýan dag derýasy Sumbar öz suwunyň kuwwatyna daýanyp, kä sag kenara, kä çep kenara agyz urup, toprak bolsa ýuwup-eredip barýar. Kä ýerlerde ýylçyr daşly gaýalara urlup, hökmi ýöremänsoň, näme etjegini bilmän, bulanyk suwuny syçrada-syçrada ýene hanasyna girip gidýär. Sumbaryň iki tarapynda ak derekler, toraňňylar topar-topar, hatar-hatar bolup derýanyň owazyny diňläp otyr. Derýa bolsa her öwrümde, her inişde başga-başga sazlar çalyp akyp ýatyr. Bu derýanyň ir baharda, ýazda-güýzde, aňzak gyşda çalýan sazlarynda-da parh kän. Şeýle owazly-sazly derýanyň sag boýunda kiçijik oba otyr. Hozlaryň, armytlaryň, seleňläp oturan böwürslenleriň arasynda gurlan pessaýrak öýleriň ýany bilen iki ýana aýlanyp-öwrülip gidỳän ýol-ýodalaryň käbiri kiçeňräk baýyrlara, depelere-de dyrmaşyp gidýär. Ol taýda-da öý gurup, gün dolap oturanlar bar. Ho-ol uzakdaky daglaryň bilinde-başynda bolsa  gögerip oturan arçalar görünýär. Ol arçalar her adamy görenlerinde gorka-gorka ýygrylýarlar. Iru-giç eli paltaly biri gelip, sütünine palta uraýjak ýaly duýgy olary ers-mers ösmäge goýanok.    Bu oba Daýna diýýärler.    Eger asfalt ýol bilen gitseňiz, Aşgabatdan Gyzylarbada-Serdara iki ýüz kilometr gowrak ýol geçmeli, soňra daglaryň arasyna siňip gidýän ýol bilen Garrygala-Magtymgula barýaňyz. Bu aralygam ýakyn däl, dag ýoly. Onsoň Garrygaladan Sumbar jülgesine baka ýola düşüp, Sumbary yzarlap ýokary gidiberýäňiz, kiçijik-kiçijik dag obajyklarynyň deňinden geçip, ýüz kilometrlik ýoly arkada goýaňyzsoň, soňky oba Daýna bolýar. Sumbaryň iň dury suwuny içýän Daýnalylardyr. 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.