Ojak I

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Agageldi Allanazarow
Neşirýat:Ylym
Bölüm:
Sahypa:640 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:1,43 mb

Agageldi Allanazarow-Ojak - I Tom

Kymyş duzçynyň maşgalasyna degişli alty ganat ak öýleriň üçüsi obanyň ileri başynda hatar gurşup, tegelenişip otyrdylar. Öýler bir-birleriniň golaýynda, üstesine-de, töwerekdäki beýleki öýlerdenem birneme beýigräkde tutulyp, tüýnükleriniň hem ýerli-ýerden asmana uzap çowlanyp durşy bilen olar adaty gümmezekläp, gupba bolup oturýan öý tüýnüklerine däl-de, bile biten ýaly bolşup oturan, hatarly metjit-medrese gümmezlerini ýada salýardylar. Öz gözbaşyny obadan allowarrada Murgabyň alkymyndan çykyp, onuň bol suwunyň bir bölegini bölüp özüne alýan jar şondan soň ýene biraz düzlük bilen towlanyp akýardy-da, onuň kert bolup gutaran ýerine ýetibem ýene-de, harsa şol ýerde köw berip, ýeňseligine demirgazyga tarap öwrülýärdi, ol ýerdäki Pendi baýyrlary bilen Söýünaly obasynyň  aralygyndaky ýazgyn meýdan bolup oturan peslige inip, ondanam Kymyş duzçynyň öýleriniň oturan depesiniň aşak etegini ýalap, lummurdap joşgunly akýardy.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.