Ojak III

Awtor: Agageldi Allanazarow
Neşirýat: TDKP
Bölüm:
Sahypa: 396 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 2,00 mb

Agageldi Allanazarow-Ojak - III Tom

Bathyz­ degresinde­ çyg-nemiň­ ýetmezçilik­ etýänligi­ indi­ bireýýämden­ bäri,­ diýseň,­ ýiti­ duýulýardy.­ Tomus­ öz­ döwür-döwranyny­bireýýäm­ötürenem­bolsa,­heniz­bolubam,­onuň­yssysy­ oňly­ azalyp-egsilmändi.­Ol­ öňküsi­ ýaly­ ýeri­ her­ gün­ ot-ýalyna­ basyryp­gyzdyrýardy.­Hasam­günortanlar­ tomsa­berimsiz­ jokrama,­ kapas­yssylar­bolardy.­Henizem­Bathyzyň­üstünden­ýamanalgyly­  ýaly­bolup­ýalynly­şemal­öwserdi.­Ozalky­towlanyp­akan­çeşme­ suwlaryň­köl­bolup,­oýtaklary­gark­edip­oturan­kak­suwlarynyň­ hanalary­guraşyp,­ jaýrylyşyp,­olaryň­bolan­ýerlerinde­ indi­birki­ aý­ bäri­ tüweleý­ turýardy.­ Ýaz­ aýlarynda­ Bathyz­ üstüniň­ ýere- ýoma­sygman,­ tolkun­atyp,­deňiz­bolup­oturýan­ot-çöpleri­häzir­ wagtyň­geçmegi­bilen­azalyp-egsilip,­indi­barha­kösäniň­sakgaly­ ýaly,­diýseň,­selçeňläpdiler.­Onuň­üstünde­häzir­çerkez-çeti,­pisse,­ sazak­ ýaly­ ýaşaýşa­ ummasyz­ höwesli­ bolan,­ kynçylyklar­ bilen­ göreşip,­erjellik­görkezip­bilýän­bir­oýnam­ösümlik­galypdy. Näme­ diýseňem,­ mahal-mahal­ howanyň­ öwzaýy­ üýtgäp,­ güýz­ maňlaýyny­ görkezip-görkezip­ giden­ ýaly­ hem­ bolýardy.­ Sergin­ şemal­ öwsüp,­ bulut­ baryny­ lemmerlendirip­ toplap,­ baýyrlaryň­ýokarsynda­bulutlar­çaknyşyp,­bir-birleri­bilen­demir-döweç­ bolşup,­ ýyldyrym­ çakyp,­ hä­ diýmän,­ ýagybererli­ hem­ görünýärdiler.­ Adamlar­ her­ gezek­ şu­ pursatda­ ýaňaklaryndan­ syrygjak,­ saçlaryny­ ezjek­ kümüş­ reňkli­ ýagyş­ düwmelerine­ özleriniň­ golaýlaşandyklaryna­ ynanaslary­ gelýärdi.­ Özi-de­ bu­ tamaly­döwür­bolsa-da,­hemişe­ir­ertir­şeýle­bolýardy.­

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.