Rubagylar

Awtor: Omar Haýýam
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: 46 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,29 mb

Omar Haýýam-Rubagylar

1. 

Adamzatdyr ähli mahlugyň başy, 

Zyýadadyr onuň akyly-huşy, 

Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, -  

Ynsandyr – bezegi, zynaty, gaşy. 

2. 

Geliň, meýhanada durup geçeliň, 

Meý urup, bir meýlis gurup geçeliň. 

Gurhany, selläni meýe çalyşyp,  

Meçjide omzumyz urup geçeliň. 

3. 

Meý içen wagtynda aklyň ýititme, 

Huşuňy ýitirip, samrap oturma. 

Isleseň şerabyň halal bolmagyn, 

Däliräp, ynsana azar ýetirme. 

4. 

Menden Muhammede ýetiriň salam, 

Hormat bilen soňra aýdyň bir kelam: 

- Turşy çaly halal edip şerigat, 

Neçüýn gyzyl meýi edipdir haram? 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.