Teke atly polkunyň söweş ýoly

Awtor: Öwez Gündogdyýew
Neşirýat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Bölüm:
Sahypa: 216 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 2,23 mb

Öwez Gündogdyýew-Teke atly polkunyň söweş ýoly

Türkmen halkynyň gadymy we orta asyr taryhynyň etnogenezini öwrenýän şu setirleriň awtoryna 1992-nji ýylyň ýaz aýlarynda Birinji jahan urşuna gatnaşan Şaberdi Hakberdi oglunyň ogly ojamberdi Şaberdiýew bilen duşuşyp, gürrüňdeş bolmak tabşyryldy. Men Aşgabat şäheriniň Abadan etrabyndan (Ahal welaýatynyň öňki Büzmeýin şäheri) uzakda bolmadyk oba  laryň birine gitmeli boldum. Hojamberdi aga öz kakasynyň (ХХ asyryň 70-nji ýyllarynda aradan çykan) Teke atly polkunyň hatarynda gulluk edendigini we «Georgiý hajy» ordeni bilen sylaglanandygyny gürrüň berdi. Dogrymy aýtsam, taryhyň bu ugry maňa düýbünden näbellidi. Gürrüňdeşim hem üýtgeşik zat aýdyp bilmedi. Ýörite edebiýatdan, Türkmenistanyň taryhy boýunça ýygyndylardanhem bu barada gerekli maglumatlary tapmak başartmady. Bir anyklan zadym, bu polkuň kesgitli bir döwürde general L.G.Kornilowyň garamagynda bolanlygydy. Polkuň atly jigitleri baradaky gürrüň bolsa, gümürtikligine galýardy. Sowet häkimiýeti ýyllarynda atly jigitleriň köpüsi repressiýa sezewar edilipdi, diri galanlary hem bu barada gürrüň bermekden gaça durýardylar. Taryhyň bu sahypasy bizi şeýle bir gyzyklandyrdy welin, beýleki ähli işlerimizi goýup, elimizde bar bolan maglumatlaryň üstünde işläp başladyk. Netijede, makalalar toplumyny çap etdik, soňra bolsa türkmen met  bu-gatynda täze makalalar peýda boldy. 1992-nji ýylyň ahyrynda bolsa, taryhyň bu sahypasyna bagyşlanan iki sany ýukajyk kitaby (düzedişler girizilen we üsti ýetirilen) türkmen we rus dillerinde çap etmek başartdy. 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Owez 10 Apr, 2018
Oran gowy maglumatlary beripsizniz