Alhimik

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Paulo Koelio
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:83 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:1,00 mb
Çeşme:Dünýä edebiýaty žurnaly

Paulo Koelio-Alhimik

Ýekeje sözi-de toslama bolmadyk «Jadygöýüň gündeligi»  atly eserimden tapawutlylykda,  «Alhimigiň»  göçme manyly kitapdygyny  okyja habar  bermegi borjum hasaplaýaryn.  Ömrümiň on bir ýylyny alhimiýany öwrenmäge bagyşladym. Jadygöýlik bilen ýaňy meşgullanyp başlan adamy, metaly altyna öwrüp boljakdygy ýa-da Dirilik Suwuny ýasamagyň mümkindigi hakdaky pikiriň bir özi hem çakdanaşa imrindirip biler. Dirilik Suwuny tapmak pikiriniň maňa has güýçli täsir edendigini boýnuma almalydyryn, çünki haçanda bolsa bir wagt bar zadyň soňunyň geljekdigi hakdaky pikir Hudaýyň bardygyna akyl ýetirýänçäm we ony kalbym bilen tassyklaýançam, maňa  çekip-çydap bolmajak bir hakykat bolup görünýärdi Zemindäki ömrümizi uzak-uzak ýyllara ýetirmäge ukyply haýsydyr bir suwuklygy ýasamagyň mümkindigini bilip, ömrümi şol dermanyň ugrunda pida etmegi ýüregime düwdüm. Men bu  işe ýetmişinji ýyllaryň başlarynda, durmuşda uly özgertmeleriň amala aşyrylýan eýýamynda baş goşdum. Şol döwürde heniz alhimiýa boýunça çynlakaý ylmy şler ýokdy. Men, şu kitabyň gahrymanlarynyň biriniň özüni alyp barşy ýaly edip, ujypsyzja baýlygymy daşary ýurtlarda neşir edilen kitaplary satyn almak üçin, wagtymy bolsa şol kitaplardaky çylşyrymly göçme manyly sözleriň manysyny tirmäge harçladym. Rio-de-Žaneýroda Beýik Eser bilen çynlakaý meşgullanýan iküç sany alymyň salgyny alan hem bolsam, olar  meniň  bilen  duşuşmak  islemediler.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.