Şan Şöhratly Hunlar

Awtor: Şamuhammet Suwtyýew
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: 23 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,77 mb

Şamuhammet Suwtyýew-Şan Şöhratly Hunlar

«Owşar türkmenleriniň taryhy»(2008) kitabynyň türk ýazyjysy Adnan Menderes Kaýa özüniň taryhy çeşmelere salgylanan işinde «Türkmen» ady hakynda gyzykly hem gerekli örän möhüm ýazgylary galdyrypdyr. Taryhy çeşme «Türk adynyň hakyky eýesi Türkmenlerdir» diýip tassyklaýar[1]. Töwradyň Ýunança (grek) terjime edilen Septuagenta (Ýetmişler) nusgasynda ady agzalan Togarmalar (Torglar), demirgazykdan gelen haýsydyr bir kowum hakynda ýatlanypdyr. Ilkinji Yslam hadyslaryny rowaýat eden Wehb bin  Münebbih: «Türküstanda Zülkarneýniň ýörüşlerinde gabat gelen Torgumanlylar» hakynda aýdypdyr. El-Beýruni Türkmen sözi hakynda: «Oguzlar bu ady Türgüman şeklinde aýdandyklaryny» ýatlapdyr[2]. Mahmyt Kaşgary bolsa Zülkarneýin Türküstana eden ýörüşi wagtlarynda 24 Oguz taýpasynyň Türkmen adyny alandyklary hakynda hekaýat ýazypdyr[3]. Miladydan öňki VI asyrda (m.ö. 525-m.ö. 522 ý.ý.) Müsüre gelen Ahamenit goşunlarynyň arasynda Horezm goşun birlikleriniň arasynda Darkmanlaryň (türkmenler) bardygyny Elefantide (Müsür) tapylan papirusda ýazga geçirlen eken. Bulardan başga-da Günbatar Hun eýýamynda Miladydan öňki V asyrda Aral deňziniň kenarýakasynda ornaşan ýurdyň ady we ol ýerdäki milletiň ady Çyn-maçyn (Hytaý) çeşmelerinde «Tü-kü-mön» diýlipdir[4]. Aýratynam Milady senesiniň 286-330-njy ýyllardaky bolan taryhy wakalary ýazan Rimli Agathangelos, soňra 925-nji ýylda ölen Katolik Ohannes VI çenli bütin iýeroglif basmaçylary häzirki Ermenistan ýurduny we onuň töwereklerini Torkomýan ili we halkyny hem Torkomýan, Aşkenaz asylly bolandyklary hakynda ýatlap geçipdirler[5]. Yslam eýýamynda ilat sanlaryny az bolan Türkmenlerden diňe Mukaddesi ýatlap geçipdir. Isfijap bilen Balasagun arasynda ýaşandyklaryny, hökümdarynyň hem Ordu şäherinde oturandygyny we gorkularyndan ýaňa Musulman bolandygyny ýazypdyr.  

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 15 Apr, 2018
@Айка okap gormamson toçna blmk
Айка 15 Apr, 2018
Kitap dine Hun dowleti hakyndamy?