Hekaýalar toplumy

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Ylýas Amangeldi
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:42 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0,49 mb

Ylýas Amangeldi-Hekaýalar toplumy

Myratly oglanka aýlawa kän gelerdi. Şeýle bir aty, aýlawy gowy görerdi, esli wagt çapyksuwar bolmagyň arzuwynda-da gezdi. Athana-da baryp gördi. Emma çapyksuwar bolardan boýy uzyn geldi. Soň mekdebi tamamlap, daşary ýurda okuwa gitdi. Şol ýerlerde-de, bir gezek, baran ýurdunyň aýlawyna gidip gördi. Emma, näme üçindir garaşan keýpini alyp bilmedi. Ol ýerdäkileriň at çapyşyklaryna tomaşa edişlerem başgady. Içgysgynçdy. Göwnüne töweregindäkiler üçin at ýaryşdam bir, it ýaryşdam bir ýaly boldy. Atlaryň owadanlygyndan, gujur-gaýratyndan lezzet alynmaýana meňzeýärdi. Çünki aýlawa, at çapyşygyna mahsus göçgünlilik ol ýerde ýok diseňem boljakdy. Mümkin, edil beýle-de däldir. Ýat ýurtda öz iliňdäki ýaly bolanok, islendik zatdanam lezzet almak kyn düşýär. Myratly muňa beletdi. Okuwyň arasynda öýlerine dynç alyşa dolananda-da ejesine: „Eje o taýda näme iýsemem, bärde seň bişren naharyňdan doýuşym ýaly hezil edip bilemok. Ýogsa, özüm bişiribem iýip gördüm” diýerdi. O günlerem geçdi. Myratly okuwundan dynyp ýurduna dolandy, öýlendi, işe durdy. 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.