Bendelikde ýazylan goşgular

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Myrat Annanepesow
Neşirýat:Ylym
Bölüm:
Sahypa:51 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:7,88 mb

Myrat Annanepesow-Bendelikde ýazylan goşgular

 Syýahatçy alym G. S. Kareliniň 1836-njy ýylda ýazan bu sözleriniň epigraf hökmünde goýulmagy ýöne ýerden däl. Kyýat hanyň, onuň ogullary Ýagşymämmetdir Kadyrmämmediň atlary, olaryň  Türkmen-rus aragatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlary we alyp baran göreşi hakykatdan  hem taryhy romana öwrüldi.  Kyýat hanyň ömrüne we hyzmatlaryna bagyşlap W. Rybin «Ylalaşyk deňzi», «Hökümdarlar we çarwalar» romanlaryny ýazdy.    Kyýat hanyň  Türkmenleri  Orsýetiň  raýatyna geçirmek ugrundaky tagallalary  barada okyjylar prof. A. Garryýewiň,    A. A.  Roslýakowyň,  H. Agaýewiň we şu kitapçanyň awtorynyň çap edilen işlerinde köp maglumatlar tapyp bilerler. Bulardan başga-da, 1963-nji ýylda Moskwanyň Leningradyň, Tbilisiniň, Orenburgyň, Astrahanyň, Stawropolyň dürli merkezi we ýerli arhiwlerinden toplanan dokumentleriň ýörite ýygyndysy çap edilipdi. Bu ýygyndyda Kyýat hanyň, Ýagşymämmediň, Kadyrmämmediň ençeme  hatlary, arzalary, şikaýatlary ýerleşdirildi. Bu arhiw materiallary hem Kyýat hanyň we onuň ogullarynyň Russiýa bilen nähili aragatnaşyk saklandygy, kimler bilen iş salyşandygy, haýsy  döwürde nähili bähbitlerden ugur alandygy barada giňişleýin maglumatlary berýär.  Bu kitapçany ýazmaga, hususan-da, Ýagşymämmediň bendilikde döreden diwanynyň tapylmagy itergi boldy. Şeýle diwanyň bolmalydygyny öňräkden bäri bilýärdik. Soňky 15 — 20 ýylyň içinde ony Moskwanyň, Leningradyň, Tbilisiniň, Kazanyň hem-de Woronežiň arhiwlerinden agtaryp tapmadyk. «Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy» diýen ýaly, bu diwan gel-gel Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar fondundan çykdy.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.