Köneürgenç rowaýatlary

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Şöhrat Abdyýew
Neşirýat:Magaryf
Bölüm:
Sahypa:80 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0,78 mb

Şöhrat Abdyýew-Köneürgenç rowaýatlary

Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde-de, öz ösen medeniýeti, ylmy, sungaty bilen-de has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Ol has  irki siwilizasiýanyň merkezleriniň biri hökmünde taryha girdi. Taryhyň çarhy soňky döwürlerde Ürgenjiň ýüzüne çäge syçradyp geçip gidipdir. Emma şol döwürlerden galan nusgalar kül içindäki göwher ýaly asyrlardan-asyrlara lowurdapdyr. Şol döwrüň ajaýyp ymaratlaryndan, sungat eserlerinden nusgalar biziň günlerimize hem gelip ýetidpir. Indi onuň adyna Köneürgenç diýýärler. Müň ýaşly ymaratlary bilen seleňläp oturan şäher köpleriň ünsüni çekýär. Eýsem, Köneürgenç örän köp dürli rowaýatlaryň hem mesgeni. Olar diňleýjini biygtyýar özüne çekýär. Babam söhbetsöýer, märekeman adamdy. Onuň aýdyp beren rowaýatlary, ertekileri çagalykdan aňymda galypdyr. Olar maňa köp wagtlap ynjalyk bermedi. Ahyry hem şu kitabyň dünýä inmegine getirdi. Şonuň üçin kitaba başda «Babamyň  hekaýatlary» diýip at goýjak boldum. Emma rowaýatlaryň köpüsiniň ýerligi gadymy Horezm topragy, Köneürgenç bilen baglanyşykly bolup çykdy. Şeýle bolansoň Köneürgenç bilen baglanyşykly bolmadyk käbir ertekileriň, rowaýatlaryň bolmagyna garaman, «Köneürgenç  rowaýatlary» diýip atlandyrmagy dogry tapdym. Kitap folklor materialymy ýa-da gaýtadan işlenen proza diýen soragy çözmegi bolsa, kitaby okajak okyjylaryň özlerine goýýaryn. 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.