Gurruk guýy

Awtor: Hydyr Amangeldi
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: 25 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,48 mb

Hydyr Amangeldi-Gurruk guýy

Ýaşy kyrkdan geçip ugran Myrat köçäň gyrasynda aşyk oýnaýan oglanlary maşynyndanam düşmän, synlap duranyny özem duýanokdy. Ol oglanlaryň biri kenegini dogrulap atyp bilse, hamala özi atan ýaly begenip, emelsizrägi pys geçirse-de, «Häh» diýip gynanýardy. Onuň bolup oturşy «Eý, menem oýnadaýyňda» diýip, maşynyndan düşüp baraýjaga meňzeýärdi. Ol oglanlaryň utýan aşyklaryny jübülerine salyşlaryny görüp: «Meň dagy ýörite aşyk torbam bolardy. Onda-da birem däl, ikisi bardy» diýip içinden pikir etdi. Soňam edil oglanlygyndaky ýaly: «Biziň ýanymyzda dagy bular öwrenje-laý» diýdi. Ahyram mugallymlar «Agtygyň aşykdan başga bilýän zady ýok, okuwyny okanok» diýip, onuň atasyna arz edipdiler. Atasy pahyram bir gün Myrada: «Hany oglum, getir aşyklaryňy. Getir, sanap göreli» diýipdi. Şol gün ataly-ogul aşyklary täze ýyl kän aşyk getirer ýaly melleklerinde, üzümleriň arasynda ekipdiler. Şeýdip, Myrat aşyk oýnamasyny goýupdy. Dogrusy, aşygy taşlanynyň sebäbi diňe bu-da däldi...  

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.