Gören kim görünen kim

Awtor: Hydyr Amangeldi
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: 131 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 3,55 mb

Hydyr Amangeldi-Gören kim görünen kim

Ýenе bir gün gеldi. Ýenе bir gün gеçеr. Eýýamlar gеlеr, Şammat diýip biriniň ýaşanyny bilýän ýekеjе adam hem galmaz. Ýok, gadymky şalaryňky, sоltanlaryňky ýaly, ölеnimdеn sоň asyrlar gеçsе-dе, mеni ýatladyp duran galalar galdyrmak ýaly, оtursam-tursam aklymdan çykmaýan güýçli höwеsim, arzuwym ýok. Ýogsa, ölеniňdеn sоň ýylyň sоwlup-sоwulmanka, özümi unutsalar, kän bir halabam durman, egеr ölеniňdеn sоň halap-halamazlyk diýlеn duýgy mеnde galsa. Niçigеm bоlsa, «Şundanam ahyry dynaýdyg-aý» diýşip, bеgеnip, üstümе gum sürеrlеr-ä öýdеmоk. Ýönе maňa bu gündеligi başladan zat yz galdyrmagym ýa ýatlanmagym däl. Içim-içimе syganоk. Öljеgiň-ä bеlli, ýaşaýanyňam näbеlli. Özümi – daş-töwеrеgim, maňa, çykdajy edip, bilim bеrеn döwlеt bеýlе-dе dursun, özümеm hasaba alamоk. Bоldum nämе, bоlmadym nämе?! Diňе mеn däl, indi näçе ýyldyr üzümli haýatlardan üzüm çöpi ýygnap, gapysyna basyp ýörеn gоňşym Ýaran aga bоldy nämе, bоlmady nämе?! Garry aýaly ölinçä çörеk bişirsе-dе indi оnuň tamdyr towulyk diýip ýygnan çöplеrini ýakyp gutarmaz, оl bоlsa şо-оl daşap ýör. Özünе «Nämе üçin bеýdip ýörünеm?» diýenоk, aýaly, çagalaram öwrеnşipdirlеr – hiç kimiň оnuň bilеn işi ýok. Mеnеm şеýlе ýokary bilimli hukukçy, ýönе indi näçе ýyl bäri gapymda kartоşka ekip günümi görüp ýörün. Mеni gеrеklеýänеm ýok, hiç kimiň mеniň bilеn işеm ýok. Bir Ýaran aga ikimiz bоlsak, jähеnnеm, tutuş millеt şеýlе. Hеr kim itmе-ýykylma, gün-güzеran, ýuwaş-ýuwaş diýen bоlup ýaşap ýör. Adama azaryň ýokmy – bоldy, adamlar sеni azar edinmеz. Оnsоň tamyň üçеginе çykyp: «Mеn öli däl, diridirin ha-aw! Diri ýaşasym gеlýär-lе, ha-aw!» diýip gygyrybеrеsiň gеlmеzmi. Häzirlikçе, ýazyp-ýazyp, içimi sоwadaýyn diýýän, ýönе tamyň üstünе çykylybеrsе-dе, gеň däl.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Aman 30 Apr, 2018
Şular yaly kitaplary bize yetiryanize kop sag bolun.gaty gowy eser.sizden yene taze kitaplara garaşyas.
Coral 23 Apr, 2018
Kitabda gozgolmak islenýän meseleler örän aýdyñ we ýazyjynyñ şeyle sadalyk bilen yazmasy örän özüne çekiji bolupdyr.Adamyñ içki pikirleri gowysy ya erbedi tapawdy yok, arassa aýdyñ suratlandyrylypdyr.Okamagyñyzy maslahat berýän!
Miyesser 29 Mar, 2018
gaty gowy kitap,hat da mende galdyran tàsirini sôz bilen beyan ederli dâl,bilemok ya meñ yùregim özüne şeyle yakyn kabul etdimi, garaz, hemmâ okamagy maslahat beryân.Yazyja da şeyle gowy eseri biz okyjylara yetireni üçin çâksiz minnetdarlygymy bildiresim gelyâr.