On ýedimiň bahary

5.00 Avg rating1 Ses
Tom: -
Awtor:Ogulsenem Taňňyýewa
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:144 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:1,95 mb

Ogulsenem Täňňyýewa-On ýedimiň bahary

Şäherdedoglup,şäherdeönüp-ösenGeldimyratdokuzynjy klasa oba mekdebinde başlamaly boldy. Her ýyl tomus kanikulynda obada — Sabyr mamanyňkyda bolýan-da bolsa, bütin ýyllap oba mekdebinde okamaly boljagy Geldimyrady darykdyrman durmady. «Nätanyş mugallymlar, nätanyş oglan-gyzlar...» diýip, ol birsyhly içini gepledýärdi. Ýöne ýetginjek içki howsalasyny daşyna çykaranokdy. Ejesidir kakasyna duýduranokdy. Şonsuz hem ejesi oglunyň özünden aýrylyp, oba ugramaly bolýanyna gynanmak gynanýardy.

— Oglum, oba gidýäniňe gynanjak bolsaň, dogryňy aýt. Onda gitme-de. Eneň ýagdaýyna-da çäre tapylar. Oňa göz-gulak bolmagy şol ýerden birine tabşyraýarys — diýip, ejesi eýýäm Geldimyradyň oba gitmegi hakdaky mesele ýüze çykaly bäri ogluna telim sapar ýüzlenipdi. — Närazy bolup gitme.

— Meniň üçin gaýtam obada okamak gyzykly — diýip, Geldimyrat özüni hernäçe alada basýanam bolsa, ejesinden syryny gizläp, mert durdy. Şeýtmek gerekdi hem. Geldimyradyň ejesi-de, kakasy-da şähere gerekli wraçlaryň biridi. Üstesine-de, olar öz işleri boýunça alymlyk derejesini-de alypdylar. Indem alymlygyň has ýokary derejesini almagyň üstünde işleýärdiler. Bu ýerde olaryň ylmy işlerine degişli apparaturalar, gözegçiliklerindäki bir topar näsaglar bardy. Olar adama jebir berýän iň ýowuz derdi dep etmegiň usulyny tapmak üçin nijeme ýyllar bäri gijelerini gündiz edip, ylmy iş alyp barýardylar. Indem garry eneleri sebäpli ýaňy bir gutaryp barýan ylmy işlerini ýarpy ýolda zyňyp gitmek bähbit däldi. Ýogsa, etjegiň doktorçylyk bolsa, obada-da tapyljakdy. Geldimyradyň ejesidir kakasynyň alyp barýan ylmy işini welin, diňe paýtagtyň ýokary derejedäki tehnikasy bolan ylmy edaralarynda ýöretmelidi. Bu zatlary Geldimyrada kakasy düşündiripdi.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
????Jemal???? 15 Jun, 2018
Sizs ustunlik dileyan gaty gowy sagbolun!!????????
Admin 25 Apr, 2018
@Serdar. "Ýükle" knopkany basanyňyzdan soň telefonyňyzyň "download" papkasyna düşýär. şoň içini görüň
Serdar 21 Apr, 2018
Yuklap bolonok name etmeli
Berdi_Oratdy 21 Apr, 2018
Gowy yazlypdyr sag bolun!!!
Admin 15 Apr, 2018
@Aly Yok parolyny berip blmk
Aly 13 Apr, 2018
Admin pechat etjekda welin parolyny aydayda