Bagtym hem ýyldyzym I

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Ogulsenem Taňňyýewa
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:282 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:3,01 mb

Ogulsenem Täňňyýewa-Bagtym hem ýyldyzym I

Emirjik bu güne juda sabyrsyz garaşdy. Eýýäm ol üç aý bäri täzeje hem dürli suratlyja kitaplary satyn aldyryp, tertiplije ýygnap goýupdy. Depderdir galam, ruçkadyr papka, garaz, mekdebe gitmek üçin gerekli bolan okuw esbaplarynyň ählisini ejesidir kakasy Emire satyn alyp beripdi. Akja köýnek, garaja balak hem alyp beripdiler. Özem birinem däl-de, çalşyryp geýer ýaly, ikisini alyp beripdiler. Olar biri- birinden owadandylar. Daň atdygy Emir ol owadan eşiklerini geýip, mekdebe gitmelidi. Emir kitapdyr depderlerini irgözinden papkasyna salyp, taýýarlap goýdy. Okuwyň ilkinji güni ömrüň ýatdan çykmajak pursaty bolmalydy. Ol Emir üçin nähili başlanarka? Emir pikir-aladalar bilen tä daňa çenli kirpigini-kirpigine gatyp bilmän ýatdy. Daňdanlar uklap galdy.

Irden ony ejesi Ogulsadap oýardy: 

— Emir jan, tur, oglum. Bu gün sen mekdebe gitmeli ahyry. «Mekdep» sözi gulagyna ilenden, Emir çalt garysyna galdy. Hasanaklap ýorgandan çykdy.

Sentýabryň säherinde çigrek duýulýardy. Sowujak howa Emiriň endamyny jümşüldetdi. 


— Elýuwara ýyljajyk suw guýandyryn, oglum — diýip, ejesi Ogulsadap onuň yzyndan gygyrdy.Emir ýuwnup-ardynyp gelýänçä ejesi onuň üçin çaý demledi. Çaýy güllüje käsä guýup, içine şeker atdy. Bir döwüm çörege mesge çaldy. Bir çetde Emiriň geçen ýyl dördünji klasy tamamlan gyz dogany Aýna saçyny darap, özüne timar berýärdi. Aýna bu ýyl bäşinji klasa barmalydy. Bäşinji klasdan ýokary klaslylar öýlän okamalydy. Aýnanyň timarlanyp durmasyndan Emir onuň özüni mekdebe alyp gitmekçi bolýandygyny aňdy.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Айка 15 Apr, 2018
Indi okap goraymesem.
Bega 10 Apr, 2018
Örän oňat gaty gowy ýazylypdyr
abdy 10 Apr, 2018
tuweleme gowy yazlypdyr