Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMENISTANYŇ
MINISTRLER KABINETINIŇ ÝANYNDAKY ULAG WE KOMMUNIKASIÝALAR AGENTLIGINIŇ
«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ HOWA ULAGLARYNYŇ IŞGÄRLERINI TAÝÝARLAÝAN
MEKDEBI
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Dalaşgärleriň ýaşy 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., aeroport. Тel.: 23-34-21.
SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:
(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)
Aşgabat şäheri
Ahal welaýaty
Balkan welaýaty
Daşoguz welaýaty
Lebap welaýaty
Mary welaýaty
RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:
Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)
Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebi, salgysy: Balkanabat ş. 5-nji kiçi ýaşaýyş jaý toplumy, tel: 4-00-62, 4-00-63, 4-26-24
Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebi, Daşoguz ş. Görogly köçesi,16-njy jaýy, tel: 6-20-90, 9-28-61
Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)
Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirelen 30-njy orta mekdebi, Parahat kiçi etrapça, tel: 6-69-67, 6-59-73
Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)
Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebi, Mary ş. Parahatlyk köçesiniň 36-njy jaýy, tel.: 5-90-90, 5-92-94
Ahal welaýaty (Aşgabat şäheri, 80012)
№16 mekdep, Azatlyk köçesi, 15, telefon: 3-44-08
Aşgabat şäheri (80012)
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi; Aşgabat ş., aeroport. Тel.: 23-34-21.
Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-nji iýul-13-nji awgust aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.