Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býujet esasynda:

  1. Kitaphanaçylyk işi.
  2. Medeniýet öýünde režissýorlyk.
  3. Aktýorlyk sungaty.
  4. Höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak.
  5. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.
  6. Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak.
  7. Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi.

II. Tölegli esasda:

  1. Çagalar okaýşyny guramak.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;
  • Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-i, 5-i we 6-sy günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

hünärler: çagalar okaýşyny guramak; kitaphanaçylyk işi; iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; muzeý işi we ýadygärlikleri goramak, ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, saýlanan hünäriň soraglary boýunça söhbetdeşlik;

hünärler: medeniýet öýünde režissýorlyk; aktýorçylyk sungaty; höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, Тel.: 27-21-22, 27-21-38.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

   RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

Balkanabat şäheriniň 6-njy orta mekdebi, salgysy: Balkanabat ş. 5-nji kiçi ýaşaýyş jaý toplumy, tel: 4-00-62, 4-00-63, 4-26-24

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebi, Daşoguz ş. Görogly köçesi,16-njy jaýy, tel: 6-20-90, 9-28-61

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirelen 30-njy orta mekdebi, Parahat kiçi etrapça, tel: 6-69-67, 6-59-73

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebi, Mary ş. Parahatlyk köçesiniň 36-njy jaýy, tel.: 5-90-90, 5-92-94

Ahal welaýaty (Aşgabat şäheri, 80012)

16 mekdepAzatlyk köçesi15, telefon: 3-44-08

Aşgabat şäheri (80012)

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, Тel.: 27-21-22, 27-21-38.


Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Maksat 14 Jul, 2021
MARY şäheri 10-njy mekdebe tabşyrmaly
Nabat 13 Jul, 2021
Dokumentleri Mary welayat haysy mekdebe tabsyrmaly