Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE ÇEPERÇILIK MEKDEBI
2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Býujet esasynda:
1.Nakgaşçylyk.
I. Tölegli esasda:
1.Dizaýn.
2.Metaly çeper bejermek.
3.Çeper dokaýyş.
Ýörite çeperçilik mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;
— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günlerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Giriş synaglary galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa) dersleri boýunça çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar.
— çeperçilik mekdebini we sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümini tamamlanlar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2087nji (Aga Berdiýew) köçe, jaý 127, tel.: 75-65-70, 75-65-69, 7565-62.
Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi