Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

   1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sa-zy; halk saz gurallary; fortepiano; kirişli saz gural lary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary; aýdym sungaty; bagşy; opera sun-gaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynaslyk; türkmen sazynyň taryhy we na-zaryýeti boýunça sazşynas lyk; kompozisiýa).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

   1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: saz mu-gall ymçylygy; estrada sungaty).

Konserwatoriýa orta hünär saz bilimli, ýa-şy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Saz mugallymçylygy; estrada sungaty hünärlerine çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes bolmadyk saz bilimli raýatlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusga-sy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakyndaky resminamanyň (diplo-myň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, har-by bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçyla-rynyň döwlet bäsl eşiginiň ýeňiji l eri, halkara bäs-leşikl ere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy to-parynyň agzalary, taýýarlygyň dörediji l ik ugurl ary boýunça milli we halkara döredij ilik bäsl eşikleri-niň ýeňij il eri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isl eg bildir-ýänler ýokarda görkezilen resminamal ar bi l en birlik-de, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşak-dakyl ary görkezýärl er we nusgal aryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygy-ny tassykl aýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek konserwatoriýada (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly — 7-nji awgusty aralygynda bellenen möhletlerde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: türkmen sazy; halk saz guralla-ry; fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: aýdym sungaty; opera sunga-ty; bagşy — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: hor dirižýorlygy; orkestr diriž-ýorlygy — hünäri boýunça we fortepiano (ýe-rine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we gar-moniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: sazşynaslyk, türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynas-lyk — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dil-den), saz guraly (ýerine ýetirmek) we saz ede-biýaty (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hünär: kompozisiýa — döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek we söhbetdeş-lik), solfej io we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);

hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty — hünäri boýunça we ýörite saz gu-raly (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türk-menistanyň taryhy (ýazmaça we dilden).

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçy-lyk mekdepl eriniň, çaga l ar sazçyl yk mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döw-let dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä ge-lip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri bo-ýunça synagdan geçip bilmedikler soňky sy-naglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýag-daýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejele-nen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-28-56.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.