Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esa-synda):
I. Bedenterbiýe we sport (hünär: sport).
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; be-denterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).
3. Psihologiýa ylymlary (hünär: sport psiho-logiýasy).
Instituta umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bi l imi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synag l arynyň ne-tije l eri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şä-herleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly ara lygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas-sykl anan göçürmesi;
— sport hünäri boýunça okuwa girýän da-laşgärler üçin I sport derejesinden pes bol-madyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama (bedenterbiýe hünärine resminama tabşyrýanlara türgeniň hünär dereje kitapçasynyň zerurlygy ýok);
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçyla-rynyň döwlet bäs l eşiginiň ýeňij ileri, halkara bäs-leşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bil-dirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tab-şyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýda lanýan-dygyny tassyklaýan beýleki resminamalary gör-kezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 3-i we 5- i günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6- sy günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 11-i günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 10-y we 12-si günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 13-i, 15-i we 16-sy günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünär: sport — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler saýlap alan sport görnüşinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: bedenterbiýe — beden taýýarly-gy boýunça tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: sport žurnalistikasy — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgy-ýeti öwreniş;
hünärler: sagaldyş işi; sport psihologiýasy — türkmen dili we edebiýaty, biologiýa, Türk-menistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-ma l arynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synag l arynyň tertibinde bellenilen wagt-da synaglara esassyz sebäplere görä gelip bil-medikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan:
— orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;
— 2020 — 2024-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;
— 2020 — 2024-nji ýyllarda sportuň görnüş-leri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy to-parlarynyň agzalary;
— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgün l e-re laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40, tel.: 39-98-70, 39-98-71.