Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: matematika we informatika; fizika we informatika; himiýa; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Bilim we pedagogika ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).

III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Bilim we pedagogika ylymlary (hünärler: biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili); zähmet we tehnologiýalaryň esaslary).
  2. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Türkmenabat şäheri) we Daşoguz, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 9-10-11-i, 12-13-i we 14-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: matematika we informatika — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: geografiýa — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

taýýarlygyň ugurlary (hünärler): başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; — türkmen dili we edebiýaty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus dili we edebiýaty) — rus dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili) — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esaslary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — umumy fiziki taýýarlygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetirmek, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;
  • orta sport mekdebini tamamlan ýokary derejeli türgenler (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  • 2018 — 2022-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  • 2018 — 2022-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary (bedenterbiýe hünärine girilen halatynda);
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7; tel.: 3-25-50; 3-04-18.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

  RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

№25 mekdepGörogly köçesi, jaý 1/3, telefon: 2-67-68

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI, Şabende köçesi7, telefon: 3-67-45

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

№6 mekdep, Atabaýew köçesi, 53, telefon: 7-69-59, 7-67-14

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2022-nji ýylyň 11-24-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.


ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ GIRIŞ SYNAGLARYNYŇ AŞGABAT ŞÄHERI WE WELAÝATLAR BOÝUNÇA GEÇIŞ TERTIBI

Daşoguz welaýaty

Daşoguz şäheriniň 27-nji orta mekdebi (31-nji iýul – 2-nji awgust)

Lebap welaýaty

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (9-13-nji awgust)

Mary welaýaty

Mary şäheriniň 16-njy orta mekdebi (4-7-nji awgust)

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 17 Jul, 2021
@Guljahan howa Gurbanlykda dokument kabul edilýär. Iýulyň 25-ne hem dokument kabul edilýär.
Guljahan 17 Jul, 2021
Salam. Dokument kabul edilshik dowri Gurbanlykdada ishleyarmika? 25- nji iyulam giryarmi shona?
Admin 15 Jul, 2021
Soraglara jogap berilmegi hem-de has giňişleýin maglumatlar üçin Play marketdan Kitaphana programma 5 ýyldyz goýmagy we Kitaphana programmany Imo arkaly istoriýaňyzda dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Häzirki wagtda programmany we websaýty ulanýan gaty az, Sorag berýän hem şo bir adamlar, Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.
Admin 15 Jul, 2021
@Mahriban 1-nji gezek eşdýän beýle zat, gerek däl.
Mahriban 15 Jul, 2021
Salam. Nikada durmadygyn hakda kepilnama gerek dp her kim alya yone yokarda yazylanlarda gorkezilmandir. Öň beyle zat yokdy sho kepilnama gerekmika ya gerekdalmika
Admin 14 Jul, 2021
@Ýyldyz Baýramova , @Аймырат Maglumat tapsam şu ýerde hökman goýarn.
Аймырат 14 Jul, 2021
Хер велаятдан наче саны талып алмалы? Саныны билип бераин.
Ýyldyz Baýramova 13 Jul, 2021
Näme üçin kabul edilmeli talyplaryn sanyny ýazmadyñyz?
Admin 12 Jul, 2021
@Jeren Dänew etrap hassahanasyndan geçmeli
Admin 12 Jul, 2021
@Baltayewa @Atajan ýokarda dokument nirä tabşylýany ýazylgy, Bäsleşiklerde alan diplom medallar kömek etyär
Admin 12 Jul, 2021
@Kakamyrat dokument tabşyrylanda eliňe list berilýä, şonda gelmeli wagty, soňam haýsy mekdepde egzamen tabşyrylýandygy ýazylýar. Haýsy mekdepde dokument tabşyrylýalygy ýokarda ýazylan.
Muhammet 12 Jul, 2021
Ähli berlen maglumatlar üçin köp sag boluň bu ýylky girish synaglarynda ähliňize üstinlik arzuw edyarin.
Atajan 11 Jul, 2021
Dokument nire tapşyrmaly?
Kakamyrat 11 Jul, 2021
Dasoguz welayatynyn niresinde bolyarka
Baltayewa 11 Jul, 2021
Salam gowumysynyz?Dokument nira tabshyrmaly?Baslesiklerde alan diplom medallar komek etyami shu sapaga degisli bolsa aydayyn hayys!
Jeren 11 Jul, 2021
Danew etraby haysy lukmançylyk edarasyndan geçmeli?
aysenem 11 Jul, 2021
türkmenabat şäheri haýsy lukmançylyk merkezinden geçmeli?
Admin 10 Jul, 2021
@Dowlet eresow Şularyň haýyndan geçseň hem bolýar.

Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi:

Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy,tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76.

Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi:

Türkmenabat ş., 3-nji kwartal, tel.: (800422)2-33-06, 2-52-83, 2-59-02.

Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyköýi:

Türkmenabat ş., Lebap şosse 3/1 jaý, tel.: (800422) 9-25-74, 2-10-96, 9-28-90,2-04-93, 9-01-59.

Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi:

Türkmenabat ş., Mukaddes Ruhnama köçesi,tel.: (800422) 6-82-23, 6-99-83, 6-90-56.

Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi:

Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113a jaýy, tel.: (800422) 3-50-59, 3-77-60, 3-82-52, 3-63-73, 3-78-77, 3-50-70.

Kerki etrap hassahanasy:

Kerki ş., S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444)

2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90.

Dänew etrap hassahanasy:

Dänew ş.,S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800422)

2-03-46, 2-04-59, 2-06-03, 2-06-29, 2-25-03.

Dowlet eresow 10 Jul, 2021
Haysy lukmancylyk edarasyndan gecmeli carjew etrap 1,2,3,4,5lerin haysysyndan
Materowa 08 Jul, 2021
Mekdebe cenli bilim we terbiye ugrundan okasan diplomda name diyip yazylyarka we onunam ugurlary barmyka meselem:inlis dili,ya rus dili