Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2020/2021-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Matematika we mehanika (taýýarlygyň ugry: amaly matematika we informatika).

2. Biologiýa ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa).

3. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa; himiki inžiniring).

4. Senagat ekologiýasy we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biotehnologiýa).

5. Materiallaryň tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy).

6. Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (taýýarlygyň ugry: nanomateriallar).

7. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak).

8. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny).

9. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugurlary: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy).

10. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: innowatika).

11. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: elektronika we nanoelektronika).

12. Fotonika, abzalgurluşyk, optiki we biotehniki ulgamlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy).

13. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: işgärleri dolandyryş; innowasion ykdysadyýet; sanly ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi).

14. Fizika-tehniki ylymlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy).

15. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (taýýarlygyň ugry: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili)).

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda 1 ýyl dil öwreniş bölüminde iňlis we ýapon dillerini çuňlaşdyryp öwrenenlerinden soňra, bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça iňlis we ýapon dillerinde alnyp barylýar.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýanlar okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamalaryň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 22-si, 23-i we 24-i günleri;

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 23-i, 24-i we 25-i günleri;

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 24-i, 25-i we 26-sy günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 26-sy we 27-si günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 27-si we 28-i günleri;

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

himiki tehnologiýa; himiki inžiniring; materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar taýýarlygyň ugurlary — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; biotehnologiýa; mikrobiologiýa; ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak taýýarlygyň ugurlary — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; elektronika we nanoelektronika; sanly ykdysadyýet; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk taýýarlygyň ugurlary — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny; innowatika; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; işgärleri dolandyryş taýýarlygyň ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

biolukmançylyk elektronikasy taýýarlygyň ugry — biologiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili) taýýarlygyň ugry — iňlis dili, fizika, Türkmenistanyň taryhy. Şu taýýarlygyň ugry boýunça okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça iňlis we ýapon dillerinde alnyp barylýar.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtynda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 39-16-67.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.