Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2019/2020-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:


1. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy).

2. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty).

3. Sosiologiýa we sosial iş (taýýarlygyň ugry: sosiologiýa).

4. Filosofiýa we etika (taýýarlygyň ugry: filosofiýa).

5. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: žurnalistika).

6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi).

7. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy).

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça bir ýyl dil öwreniş bölüminde taýýarlygyny geçeninden soňra, iňlis dilinde alnyp barlar. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärleriň dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden, bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamaga mümkinçiligi bardyr.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 24-25-i, 27-si we 29-y günleri

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 26-27-si, 28-i we 30-y günleri

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 31-i we awgust aýynyň 2-si günleri

Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i - awgust aýynyň 1-i, 3-i we 4-i günleri

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 5-i we 7-si günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 8-i we 9-y günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

filosofiýa; sosiologiýa; halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy; halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty taýýarlygyň ugurlary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

žurnalistika taýýarlygyň ugry — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi; kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy taýýarlygyň ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet ýa-da iňlis dilinde dilden geçirilýär. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamak üçin iňlis dilinden barlag testini tabşyrýarlar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 39-85-62, 39-85-25.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.