Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünär: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).


2. Hukuk işi (hünär: halkara hukugy).

3. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary).

4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: halkara žurnalistikasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 24-i, 27-si we 30-y günleri

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 24-i, 27-si we 30-y günleri

Mary welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 28-i, we 31-i günleri

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 28-i, we 31-i günleri

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 26-sy, 29-y, awgust aýynyň 1-i günleri

Ahal welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 29-y, awgust aýynyň 1-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty;

halkara ykdysady gatnaşyklary hünäri — matematika, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy;

halkara žurnalistikasy hünäri — türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25, tel.: 22-68-50.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.