Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Magistratura)

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

2024/2025-nji okuw ýyly üçin taýýarlygyň aşakdaky ugurlary boýunça tölegli esasda magistratura kabul edýändigini yglan edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; maliýe menejmenti, dünýä ykdysadyýeti, işewürlik-dolandyryş)

Magistratura ykdysadyýet, menejment taýýarlygyň ugurlary boýunça ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda; milli ykdysadyýet taýýarlygyň ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde  (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 13-14-nji awgustynda geçirilýär. 

Synaglar aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet — ykdysady nazaryýet, milli ykdysadyýet; taýýarlygyň ugry: maliýe menejmenti — ykdysady nazaryýet, maliýe; taýýarlygyň ugry: dünýä ykdysadyýeti — ykdysady nazaryýet, dünýä ykdysadyýeti; taýýarlygyň ugry: işewürlik-dolandyryş — ykdysady nazaryýet, menejment.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaga goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 48-62-89, 48-62-75.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Serdar 18 Jul, 2019
Yokary bilim bolman yorite orta bilimli rayatlar, yagny, 10 ay kurs diplomy bolanlar hem gatnasyp bilerlermi