Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Magistratura)

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

2025/2026-njy okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: bilimi dolandyrmak).

II. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: işewürlik-dolandyryş).

Okuwlar iňlis dilinde geçirilýär.

Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Uniwersitete magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugurlaryna ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýany — «Statement of Purpose» (beýan iňlis dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl).

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

• Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 16-17-sine geçirilýär.

Söhbetdeşlik saýlanan ugur boýunça iňlis dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýanyndan ýokary baha alanlar;

— saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 39-85-62, 39-85-25.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Muhameet 14 Jul, 2021
hacan egzaminleri baslaya