Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti  (Magistratura)

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

2021/2022-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň “Bilimi dolandyrmak” ugruna talyplyga kabul edýär:

 

 Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 

 

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar. 

 

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

— okuwa girmeginiň maksadynyň beýany (500 sözden köp bolmaly däl);

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýan Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri hem-de ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşinden hödürnamalary bolanlar şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

 

Uniwersitetiň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 

 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 28-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda bellenilen möhletlerde geçirilýär. 

 

Giriş synagy pedagogika we psihologiýa boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

 

Bellenilen wagtda giriş synaglaryna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

 

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

AŞGABAT ŞÄHERI

Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi;

Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi;

Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi;

AHAL WELAÝATY

Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

Kaka etrap hassahanasy;

Tejen şäher hassahanasy;

Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

BALKAN WELAÝATY

Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

 Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

Hazar şäher hassahanasy;

Gumdag şäher hassahanasy;

Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

Serdar etrap hassahanasy;

Bereket etrap hassahanasy;

Magtymguly etrap hassahanasy;

Etrek etrap hassahanasy;

Esenguly etrap hassahanasy;

DAŞOGUZ WELAÝATY

Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

LEBAP WELAÝATY

Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyköýi;

Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

Kerki etrap hassahanasy;

Dänew etrap hassahanasy;

MARY WELAÝATY

Mary şäher 1-nji saglyk öýi;

Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

Ýolöten etrap hassahanasy;

Sakarçäge etrap hassahanasy;

Tagtabazar etrap hassahanasy;

Mary etrap hassahanasy;

Wekilbazar etrap hassahanasy;

 

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2021-njy ýylyň 12-25-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.