Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ
HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY
2025/2026-njy okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
1. Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş).
2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy; halkara arbitraž we işewürlik hukugy).
3. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýet).
4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).
Okuwlar tölegli esasda, türkmen dilinde alnyp barylýar.
Instituta taýýarlygyň:
— sanly diplomatiýa; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş ugurlary boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa çygyrlarynda;
— Gündogary öwreniş ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa, Gündogar dilleri we edebiýaty çygyrlarynda;
— halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy; halkara arbitraž we işewürlik hukugy ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwreniş çygyrlarynda;
— halkara ykdysadyýet ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda;
— syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugry boýunça žurnalistika, halkara žurnalistikasy, internet žurnalistikasy çygyrlarynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
• Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) 2025-nji ýylyň 11 — 13-nji awgusty aralygynda geçirilýär.
Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda, şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:
taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa, Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş — halkara gatnaşyklarynyň nazaryýeti, iňlis dili;
taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy; halkara arbitraž we işewürlik hukugy — Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, iňlis dili;
taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýet — ykdysady nazaryýet, iňlis dili;
taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy — žurnalistikanyň nazaryýetiniň esaslary, iňlis dili.
Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25, tel.: 26-61-50.