Awtor: | - |
Neşirýat: | |
Bölüm: | Soragnama |
Sahypa: | 2 sahypa |
Formaty: | |
Göwrümi: | 0,35 MB |
Tags: | Mekdep |
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA ENE DILI WE EDEBIÝATDAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGY ÜÇIN HÖDÜRLENILÝÄN DÜZME TEMALARY
I. Erkin temalar
1. Watan iň beýik mukaddeslikdir.
2. Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!
3. Bitaraplyk — bagtymyz.
4. Änew — gadymy şäher.
5. Enä tagzym — mukaddeslige tagzym.
6. Kitap — ruhy hazyna.
7. Dost — dostuň aýnasy.
8. Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri.
9. Mermer şäher — Aşgabat.
10. Belentde pasyrda, ýaşyl Baýdagym!
11. Halk hakydasy bakydyr.
12. Ene kalby — mähir deňzi.
13. Tebigatym — genji-känim.
14. Sagdyn durmuş — saglygyň gözbaşy.
15. Agzybirlik — döwletlilik.
16. Behişdi bedewleriň waspy.
17. Maşgala mukaddesligi.
18. Bilimli ýaşlar — Watan daýanjy.
19. ХХI asyr — tehnologiýalaryň asyry.
20. Magtymgulynyň arzuwlan zamanasy.
21. Gahrymanlar unudylmaýar.
22. Dil bilen dünýäni gezer.
23. Haly — milli guwanjym.
24. Edebi miras — terbiýe mekdebi.
25. Meniň söýgüli şahyrym.
II. Türkmen we daşary ýurt edebiýaty boýunça temalar
26. Şahyrana türkmen halk döredijiliginde watançylyk temasy.
27. Dessanlarda yşky temanyň çeper beýany.
28. «Oguznama» eseriniň häzirki zaman ähmiýeti.
29. «Görogly» eposynda gelin-gyzlaryň çeper keşbi.
30. Türkmen halk döredijiliginde milli däp-dessurlaryň orny.
31. «Şasenem — Garyp» dessanynda baş gahrymanlaryň edebi keşbi.
32. Ýunus Emräniň goşgularynda dost-doganlyk duýgulary.
33. «Nejep oglan» dessanynda aýdym-saz sungatyna sarpa.
34. Halk döredijiliginde ynsanperwerligiň beýany.
35. Garajaoglanyň döredijiliginde il-ýurt, watançylyk temasy.
36. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eseriniň öwüt-nesihatlary.
37. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde agzybirligiň we jebisligiň beýany.
38. Magtymguly Pyragynyň mertlik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary.
39. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda agzybirlik temasy.
40. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ahlaklylygyň waspy.
41. Abdylla Şabendäniň «Gül — Bilbil» dessanynda Gülüň çeper keşbi.
42. Şeýdaýynyň durmuşy we ahlaky goşgularynyň çeperçiligi.
43. Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseriniň mazmuny we aýratynlygy.
44. XIX asyr türkmen edebiýatynda halkyň taryhy geçmişi.
45. Gurbanaly Magrupynyň «Ýusup — Ahmet» dessanynyň durmuşy esaslary.
46. Türkmen edebiýaty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda.
47. Mämmetweli Keminäniň durmuşy goşgularynyň aýratynlygy.
48. Seýitnazar Seýdiniň goşgularynda watançylygyň waspy.
49. Gurbandurdy Zeliliniň watançylygy, dostlugy ündeýän goşgularynyň häzirki zaman ähmiýeti.
50. Mollanepesiň «Zöhre — Tahyr» dessanynda Tahyryň keşbi.
51. Annagylyç Mätäji — watançy şahyr.
52. Annagylyç Mätäjiniň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
53. Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestiniň terbiýeçilik ähmiýeti.
54. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň baş gahrymanlary.
55. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanynyň temasy we öňe sürýän ideýasy.
56. Aman Kekilowyň «Söýgi» romanynyň baş gahrymanlary.
57. Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda durmuşyň çeper beýany.
58. Gara Seýitliýewiň goşgularynda ahlak temasy.
59. Gurbannazar Ezizow — türkmen şygryýetiniň görnükli ussady.
60. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin — şygyrýet äleminiň akyldary.
61. Mihail Aleksandrowiç Şolohowyň «Adamyň ykbaly» hekaýasynyň baş pikiri.
III. Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça temalar
62. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti.
63. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky rowaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýeti.
64. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda mugallymyň keşbi.
65. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda oba durmuşynyň çeper beýany.
66. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda türkmen milli däp-dessurlary baradaky garaýyşlar.
67. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi.
68. Garaşsyzlyk eýýamynyň şygryýetinde milli äheňler.
69. Garaşsyzlyk eýýamynyň kyssa eserlerinde täzeçillik.
70. Garaşsyzlyk eýýamynyň dramaturgiýasynda ýetilen sepgitler.