Awtor: | - |
Neşirýat: | |
Bölüm: | Soragnama |
Sahypa: | 7 sahypa |
Formaty: | |
Göwrümi: | 0,48 MB |
Çeşme: | Milli Bilim Instituty |
Tags: | Mekdep |
Döwlet umumybilim edaralarynda “Gülçi” hünäri boýunça jemleýji döwlet synaglaryň soragnamalary
1-nji soragnama
1. Türkmenistanyň gülçiligiň häzirki ýagdaýy we geljegi, halk hojalygyndaky ähmiýeti, olaryň açyk we ýapyk topraklarda ösdürilip ýetişdirilişi.
2. Gül ösümlikleriň wegetatiw organlarynyň morfologik aýratynlyklary.
2-nji soragnama
1. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän ylmy-barlag işlerini öwrenmegiň ähmiýeti
2. Köküň morfologiýasy (daşky gurluşy)
3-nji soragnama
1. Gül ösümliklerini bezeg işlerinde ulanmagyň taryhy
2. Köküň ýerine ýetirýän işleri
4-nji soragnama
1. Türkmenistanda bezeg bagçylygyň we gülçüligiň ösüşi
2. Topragyň arryklamagy we dökünleriň zerurlygy.
5-nji soragnama
1. “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň maksady
2. Baldak, onuň gurluşy, görnüşleri we ýerine ýetirýän işleri
6-njy soragnama
1. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň döredilmegi.
2. Baldakda bolup geçýän fiziologik hadysalar
7-nji soragnama
1. Gül ösümlikleriň umumy häsiýetnamasy we klassifikasiýasy
2. Ýaprak, onuň gurluşy, görnüşleri we ýerine ýetirýän işleri
8-nji soragnama
1. Bezeg bagçylykda ulanylýan topragy baýlaşdyryp, gül ösümliklerini iýmitlendirmek
2. Ösümlikleriň dem alşy.
9-njy soragnama
1. Gül ösümliklerini tohumyndan köpeltmek
2. Gül we onuň gurluşy
10-njy soragnama
1. Gül ösümlikleri wegetatiw synalary arkaly köpeltmek
2. Tohum pyntygynyň we gülüň gurluşynyň
11-nji soragnama
1. Gül ösümliklerini zyýan beriji mör-möjeklerden we kesellerden goramak üçin geçirilmeli çäreler
2. Gül we bezeg ösümliklerini suwarmagyň kadalary.
12-nji soragnama
1. Gül ösümliklerini ösdürilip ýetişdirilýän ýerler, ýyladyşhanalar.
2. Gül çogdamlary.
13-nji soragnama
1. Açyk meýdanda topragy ekişe taýýarlamak we ekiş geçirmek.
2. Gülleme. Tozanlanma. Tohumlanma.
14-nji soragnama
1. Gül ösümlikleriniň şitillerini oturtmak
2. Tohum we onuň düzümi
15-nji soragnama
1. Bir ýyllyk gül ösümlikleri
2. Tohumlaryň ýaşaýşa ukyplylygy.
16-njy soragnama
1. Iki we köpýyllyk gül ösümlikleri
2. Gülli ösümlikleriň miwesi
17-nji soragnama
1. Köpýyllyk otag güllerini ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary
2. Gülli ösümlikleriň miweleriniň we tohumlarynyň ýaýraýşy.
18-nji soragnama
1. Gül ösümlikleri bilen daş-töweregi, girelgeleri, otaglary we dynç alynýan ýerleri bezemek
2. Ösümlikleri iýmitlendirmek.
19-njy soragnama
1. Türkmenistanda ösýän gül ösümlikleriniň gurluşy, köpelişi, ideg we bezeg işleri ýerine ýetirmegiň kada-düzgünleri
2. Keselleriň we mör-möjekleriň gül ösümliklerine ýetirýän zyýany.
20-nji soragnama
1. Gül ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri we olaryň lukmançylykda ulanylyşy
2. Bägüliň görnüşleri we sortlary.
21-nji soragnama
1. Bezeg bagçylykda ulanylýan gül ösümlikleri
2. Gül ösümliklerini ideg etmek
22-nji soragnama
1. Köp ýyllyk gül ösümlikleriniň gysga beýany.
2. Gül ösümliklerine zyýan beriji mör-möjekleri ýok etmegiň usullary.
23-nji soragnama
1. Gül ösümlikleriniň tohumlarynyň hil görkezijileri we olary ekmäge taýýarlamak
2. Bägülleri açyk we ýapyk meýdanlarda köpeltmek
24-nji soragnama
1. Gül ösümliklerini ekmegiň usullary.
2. Gül ösümliklerini kesellemekden goramagyň usullary.
25-nji soragnama
1. Gül ösümlikleriniň nahallaryna (şitillerine) ideg etmek.
2. Topragy ekişe taýýarlamak.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.