Awtor: | - |
Neşirýat: | |
Bölüm: | Soragnama |
Sahypa: | 4 sahypa |
Formaty: | |
Göwrümi: | 0,41 MB |
Çeşme: | Milli Bilim Instituty |
Tags: | Mekdep |
Döwlet umumybilim edaralarynda “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça jemleýji döwlet synaglaryň soragnamalary
Soragnama № 1
1. Ezýaka we çäkýaka köýneginiň tapawudy.
2. Önümiň gapdal tikinleriniň ütükleniş aýratynlyklary.
2-nji soragnama
1. Bürjeme tikinleriniň ulanylýan ýerleri.
2. Çaga kürtekçesi kim üçin niýetlenen?
3-nji soragnama
1. Ütükler, pressler, bugly manikenler. Olaryň görnüşleri we gurluş aýratynlyklary.
2. Ýeňsiziň ýüzi we işligi üçin nähili matalary saýlamak bolar?
4-nji soragnama
1. Çaga kürtekçesiniň ýüzi we içligi üçin nähili matalar niýetlenýär?
2. Ýeňsiz we onuň ähmiýeti.
5-nji soragnama
1. Dürli tikin maşynlary.
2. Gyýma balaklar we olaryň görnüşleri. Olaryň biçiliş we tikiliş aýratynlyklary.
6-njy soragnama
1. Ilikleriň dürli görnüşleri we olaryň tikilişi.
2. Maşyn tikinleriniň görnüşleri.
7-nji soragnama
1. Tikin maşynlaryň iňňeleri, olaryň gurluşy we niýetlenilişi
2. Beden ölçegler boýunça ezýaka köýnegiň öň we arka bölekleriniň konstruksiýasyny hasaplamak we çyzgy esasynda gurnamagy öwrenmek.
8-nji soragnama
1. Iş ornuny nähili tertipde abzallaşdyrmaly?
2. Tikin maşynlaryň görnüşleri.
9-njy soragnama
1. Tikin iş esbaplary.
2. Süýümleriň görnüşleri we häsiýetleri.
10-njy soragnama
1. Önümiň çyzgylaryny we ülňüni taýýarlamak üçin nähili ölçegler alynýar?
2. Ýanly köýnegiň bölekleri – begeýik, ýeňsapy, köýnegiň haýsy esasy böleklerine birikdirilýär?
11-nji soragnama
1. Ýanly köýnegiň ýeň bilen ýanyň birikdiriliş aýratynlygy.
2. Tebigy süýümler. Ösümliklerden we haýwanlardan alynýan süýümler.
12-nji soragnama
1. Tikin maşynlarda ýokary we aşaky sapaklary nähili tertipde geçirilýär?
2. Tikinleriň, el sanjymlarynyň nähili görnüşleri bar?
13-nji soragnama
1. Ýanly köýnegiň ölçeginiň alnyş usulary.
2. Ýurdumyzyň dokma senagatynda öndürilýän matalaryň görnüşleri.
14-nji soragnama
1. Gyýma balagynyň uly böleklerini birikdirilenden soň, gyýma balagyň agy, çermegi we gonjunyň agzy nähili işlenilip bejerilýär?
2. Önümiň çyzgylary we ülňüniň taýýarlanylyşy.
15-nji soragnama
1. Ýanly köýnek näçe bölekden ybarat we bolekleriniň atlary haýsylar?
2. Kämilleşen (fasonly) ýansyz köýneklerin biçiliş we tikiliş usullary.
16-njy soragnama
1. Matalaryň fiziki we mehaniki häsiýetleri. Içliklik we aragat matalaryň görnüşleri.
2. Matany büzmek, ýygyrmak, dan almak, ýaka gyýyý aýlamak işleri nähili amala aşyrylýar?
17-nji soragnama
1. Babejikleriň köýnekeriniň dürli görnüşleri.
2. Gyzjagazyň köýnegini biçip-tikmegiň yzygiderligi.
18-nji soragnama
1. Dürli görnüşli jübüleriň biçiliş we tikiliş usullary.
2. Ýansyz köýnegiň bölekleri we olaryň bolekleriniň atlary.
19-njy soragnama
1. Elektrik togy, elektrik togy bilen işleýän enjamlar.
2. Gyz çaga köýnekleriniň biçilişi we tikilişi.
20-nji soragnama
1. Ýansyz köýnegiň ölçegini nähili tertipde alynýar?
2. Ýeňsiziň böleklerine nähili kök atylkýar?
21-nji soragnama
1. Maşyn tikinleriniň nähili görnüşleri.
2. El gurallarda el işlerini ýerine ýetirmegiň aýratynlygy.
22-nji soragnama
1. Penjekleriň biçilişiniň we tikilişiniň tehnologiýasy.
2. Ýeňsiz üçin nähili jübüler amatly?
23-nji soragnama
1. Ýanly we ýansyz köýnegiň tapawudy nämede?
2. Ýeňsizi işlige salmak üçin nämeden başlamaly?
24-nji soragnama
1. Ýeňsiziň ölçegi nähili alynýar?
2. Ýeňsizlik üçin esasy matasyny we içliklik matasyny saýlanylyşy.
25-nji soragnama
1. Beden ölçegleri esasynda nusganyň döredilişi.
2. Jübi örtükleriniň görnüşleri
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.