10 Ýaşaýyş durmuş esaslary Soragnama

Awtor: -
Neşirýat:
Bölüm:
Sahypa: 6 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,48 MB
Çeşme: Milli Bilim Instituty
Tags: Mekdep

2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň 10-njy synpy üçin ýaşaýyş durmuş esaslary dersi boýunça

sepgit synagagyň soragnamalary

 

1-nji soragnama

1. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilen 2024-nji ýylymyz. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn nesli kemala getirmekdäki ähmiýeti.

2. Mekdep okuwçysynyň mekdepde özüni alyp barmagynyň kadalary (düzgünleri).

3. Adatdan daşary ýagdaýda dörände mekdep okuwçylaryny halas etmegiň (ewakuasiýa) aýratynlyklary we düzgünleri.

 

2-nji soragnama

1. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar ─ Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýaşlarda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary terbiýelemekdäki ähmiýeti.

2. Dogry (sagdyn) iýmitlenmegiň düzgünleri.

3. Durmuş endikleri barada düşünje.

 

3-nji soragnama

1. Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama. Alkogol, onuň saglyga zyýany, psihiki baglylyk, alkagoly içmegiň getirýän netijeleri. Zyýanly endikleriň öňüni almak we olara durnukly bolmagyň düzgünleri.

2. Adamlaryň arasyndaky özara gatnaşyklar, olaryň görnüşleri we ähmiýeti.

3. Berhiz, onuň dürli görnüşleri we wezipesi.

 

4-nji soragnama

1. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe
taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda
mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy». Organizmiň çagalyk we ýetginjeklik döwürlerindäki ösüşi.

2. Göwräni dogry tutmak, onuň görnüşleri. Göwräni dogry tutmakdaky bozulmalar, olaryň sebäpleri, öňüni almagyň ýollary.

3. Nätanyş haýwanlar dişlände (çakanda) ilkinji kömegiň berilişi.

                                                

5-nji soragnama

1. «Temmäki önümleri bolan çilim çekmegiň we nas atmagyň zyýanly täsiriniň öňüni almagyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasy. Çilim çekmegiň, nas atmagyň saglyga zyýany, olaryň getirýän netijeleri, zyýanly endikleriň öňüni almagyň ýollary.

2. Dogry (sagdyn) iýmitlenmegiň piramidasy.

3. Ýokanç (infeksion) keseller, olaryň döremeginiň sebäpleri, ýokaşmagynyň ýollary, öňüniň alynyşy (profilaktikasy).

 

6-njiy soragnama

1. Türkmenistanyň 2020-2030-njy ýyllar üçin eneligi we çagalygy goramak boýunça Milli maksatnamasy. Nika, maşgala we eneligi goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy.

2. Ýangyn, onuň döremeginiň sebäpleri we öňüni almagyň ýollary.

3. Şok ýagdaýy barada düşünje.

        

7-nji soragnama

1. Türkmenistannyň 2018-2025-nji ýyllar üçin ilatayň psihiki saglygyny goramak boýunça Milli maksatnamasy. Saglyk barada düşünje.

2. Gigiýena – saglygy goramak we berkitmek baradaky ylym.

3. Durmuş himiýasy, onuň görnüşleri, peýdasy we zyýany. Himiki şikeslenmeleriň öňüni almagyň ýollary.

 

8-nji soragnama

1. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy». Sagdyn ýaşlar – jemgyýetiň durmuş-ykdysady abadançylygynyň esasy.

2. Mekdepdäki şikeslenmeler barada düşünje. Mekdep okuwçylarynyň şikeslenmeleriniň öňüni almagyň ýollary.

3. Iýmit önümleriniň özara ylalaşyjylygy. 

 

9-njy soragnama

1. «Türkmenistanyň 2022-2027-nji ýyllarda saglygy goraýyşy ösdürmegiň Milli maksatnamasy». Dünýäde we Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamy.

2. Adatdan daşary ýagdaýlarda mekdep okuwçylarynyň özlerini howpsuz alyp barmaklary.

3. Bedeni taplamak, onuň görnüşleri, düzgünler we saglyk üçin ähmiýeti.

 

10-njy soragnama

1. «Türkmenistanyň 2023-2028-nji ýyllar üçin ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça Milli maksatnamasy».

2. Köçe-ýol hereketiniň belgileri, olaryň görnüşleri.

3. Çykyklarda we döwük-ýenjiklerde ilkinji kömegiň berilişi.

 

11-nji soragnama

1. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy». Adamyň saglygynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine baglylygy.

2. Mekdep okuwçysynyň hukuklary we borçlary.

3. Biologik işjeň goşundylar, gen taýdan özgerdilen azyk önümleri, kuwwatlandyryjy (energetiki) içgiler, olaryň adam saglygyna ýetirýän täsirleri. 

 

12-nji soragnama

1. «Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin ilatyň immunitetini ýokarlandyrmagyň Milli maksatnamasy». Immunitet we sanjymlar.

2. Erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygynyň konstitusion esaslary.

3. Adatdan daşary ýagdaýlarda ilaty agyz suwy we iýmit bilen üpjün etmegiň düzgünleri.

.

13-nji soragnama

1. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň beýan edilişi.

2. Mekdep okuwçysynyň otagy we iş ýeri.

3. Has giňden ýaýran howply ýokanç (infeksion) keselleriň häsiýetnamalary.

         

14-nji soragnama

1. «Türkmenistanyň 2015-2030-njy ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryna gönükdirilen betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Milli strategiýasy. Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasy.

2. Adamyň saglygyna bilimiň we medeniýetiň edýän täsirleri.

3. Sarygetirmeler (gepatitler), olaryň görnüşleri, ýokuşmagynyň ýollary, öňüni alyş çäreleri.

15-nji soragnama

1. «Türkmenistanyň 2021-2035-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene – sagdyn geljek» Milli strategiýasy. Ruhy we beden taýdan sagdyn nesil – adamzadyň bagtyýar geljegidir.

2. Gipodinamiýa, onuň döremeginiň sebäpleri, öňüni almagyň ýollary.

3. Ýokanç içege keselleri we olaryň öňüni almagyň ýollary.                                  

                                                  

16-njy soragnama

1. «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2012-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy». Dogry iýmitlenmegiň ýetginjekleriň saglygyna edýän täsiri.

2. Maşgalanyň maddy, ruhy, ahlak, medeni gymmatlyklary.

3. Zyýanly endikler, olaryň görnüşleri, döremeginiň sebäpleri, öňüni almagyň ýollary.

17-nji soragnama

1. Ýetginjeklik döwründe bedeniň anatomik we fiziologik ösüşiniň aýratynlyklary.

2. Mekdebiň içerki düzgün-tertibi. Mekdep okuwçysynyň lybasy.

3. Göçme dermanhanajyga derman we ilkinji kömegi bermegiň serişdeleriniň ýygnalyşy (jemlenilişi).

 

18-nji soragnama

1. «Türkmenistanyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça 2015-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy».  Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň ýollary.

2. Temperament, temperamentiň görnüşleri (tipleri).

3. Adatdan daşary ýagdaýlar barada düşünje, olaryň toparlara bölünişi (klassifikasiýasy).

19-njy soragnama

1. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy (rejelenen görnüşi). Daşky gurşawyň we klimatyň ýetginjekleriň saglygyna ýetirýän täsiri.

2. Akyl we fiziki taýdan işe ukyplylyk.

3. Witaminleriň we mineral maddalaryň adam organizmindäki orny we ähmiýeti.

 

20-nji soragnama

1. «Türkmenistanyň ýurdy temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy». Ýaş nesliň saglygyny zyýanly endiklerden goramagyň zerurlygy.

2. Mekdep okuwçysynyň gün tertibi.

3. Gan akmalarda ilkinji kömegiň berilişi.

 

21-nji soragnama

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýetginjeklerde ruhy-ahlak gymmatlyklary terbiýelemekdäki ähmiýeti.

2. Özüňi alyp barmak we onuň görnüşleri. Özüňe gözegçilik etmek we öz-özüňi terbiýelemek.

3. Has giňden ýaýran we howply ýokanç däl keselleriň häsiýetnamalary.

        

22-nji soragnama

1. «Türkmenistanyň reproduktiw saglygy goramak boýunça 2020-2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýasy». Reproduktiw (önelge) saglygy we reproduktiw hukuklary goramak.

2. Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň kadalary.

3. Kompýuterde uzak wagtlap işlemegiň saglyga ýetirýän zyýanly täsiri.

 

23-nji soragnama

1. «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy». Fiziki işjeňligiň ýetginjekleriň saglygyna ýetirýän oňyn täsiri.

2. Ýetginjek we onuň boş wagty. Boş wagt düşünjesi.

3. Ýanyklarda ilkinji kömegiň berilişi.                                          

 

24-nji soragnama

1. Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklerde zyýanly endiklere garşy durmagy kemala getirmekdäki ähmiýeti.

2. Pandemiýa barada düşünje.

3. Ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň sebäpleri we olaryň öňüni almak.

 

25-nji soragnama

1. «Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasy (rejelenen görnüşi), onuň maksatlary we wezipeleri.

2. Dowul (panika) barada düşünje, onuň howpy, ýüze çykmagynyň sebäpleri we getirip biljek netijeleri.

3. Aşa ýadawlyk, onuň görnüşleri, ýüze çykmagynyň sebäpleri, öňüni almagyň ýollary.


Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 20 Apr, 2021
Ekzamen taýýar jogaplary almak üçin:
+99363 84 29 79 -IMO-dan ýazyň
Admin 26 Apr, 2020
Для получения экзаменационных билетов и готовых ответов:
+99363 84 29 79 -Пишите через IMO