Kerbabaýew-Saýlanan eserler

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Berdi Kerbabaýew
Neşirýat:Magaryf
Bölüm:
Sahypa:335 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.83 mb

(Berdi Kerbabaýew- Saýlanan eserler)

«Boljak oglan bolşundan belli» diýlen nakyl, elbetde, tötänden däldi. Käbir çaga goýazy bolup, çagalykda-da köpüň ünsüni özüne çekip bilenok. Käbir çaga doga gaharjaň bolup, çagajykka-da urşup aýrylyşan ýaly, birsyhly gaşyny çytýar. Käbir çaganyň bolsa diňe bir hereketi ýa gepleşi däl, hatda gözjagazlaryny güldürip garaşy-da töweregindäkileriň ünsüni özüne çekýär. Bäşimşeýleje çagalar kabylyndandy. Ol örän oýunçydy, oýnamagy, degişmegi örän gowy görýärdi. Bäşim geplemegi kemally başarmaýan ýumruk ýalyjak çagajykka-da, eljagazyny galgadyp, gözjagazyny oýnadyp, töweregindäki çagalary içini gyjyklaýan ýaly jykyrdadardy, ejesini, kakasyny güldirdi. Ol heniz iki ýaşyna ýetmänkä, myssyjak elleri bilen çapak-çapak edip, gözjagazlaryny agdar-düňder oýnadardy-da, töweregindäkileri gyzylgyran ederdi. Bäşim ýaňy nan-çörek diýmäge dili öwrülenden soň bolsa, özüniň sözüne gülüşýänlerini aňlap, wyjyr-wyjyr ederdi-de, dilini aýnadardy, özünden has ulurajyk oglanlary-da öz ýanynda ýüpsüzje daňardy. Ol atasynyň göwnüni almak üçin, ejesine öýkünerdi, ýüzjagazyny torsardardy: «Git aňry!» diýip, eljagazyny silkerdi. Ol ejesini özünden razy etmek üçin bolsa, kakasynyň gözüne güýdüşip, ejesine herrelişine öýkünerdi: — Heý sen gyrnak!.. — diýip, gözjagazyny alardardy. Bäşim özüne käýelmejegini aňlan wagty öýüň törüne geçip, özi ýaly çagalar bilen çalamünder oýnardy, kä geýimini ýyrtdyrardy, kä biriniňkini ýyrtardy, käte biriniň tenini sypjyrardy ýa özüniňkini sypjyrdardy. Şolaryň hemmesi oýun bolany üçin, käte iki-üç bolup üstüne münseler, käte mazalyja mynçgasalar-daynjamazdy.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.