Eziz han hakda hakykat

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Rahym Esenow
Neşirýat:Çäç
Bölüm:
Sahypa:73 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.31 mb

(Rahym Esenow-Eziz han hakda hakykat)

Terjime eden: N.Hojageldiýew

Eziz han kim bolupdyr? Gahrymanmy ýa-da görgülimi? Awantýuristmi ýa-da ykbaly tersmi? Taryhy okuw kitaplary, çeper edebiýat, kinematograf şuwagta çenli ony «talaňçy», «galtaman», «basmaçy», «milletçi», gepiň gysgasy, Sowet häkimiýetiniň, diýmek, öz halkynyňamganymduşmany hökmünde görkezip geldi. Şular ýaly meňzetmeler bilen häsiýetlendirilýän adamlar hemişe ideýa duşmanlarynyň hatarynda görülýärdi. Şeýle bir kanuny sowal ýüze çykýar: eger ol, hakykatdanam, Sowetleriň duşmany bolan bolsa, näme üçin ony biziň topragymyzy basyp alan iňlisler bilen bile hereket eden ak gwardiýaçylar atypdyrlar? Näme üçin ýetmiş ýyldanam köp wagtlap halka garşy, biziň adamlarymyza duşmançylykly ähli zatlary Eziz hanyň ady bilen baglanyşdyryp geldiler? Hawa, ol juda gapma-garşylykly şahsyýet bolupdy, edil özüniň ýaşan döwri ýaly, onuň şahsyýeti hem gapma-garşylyklydy. Şonuň üçinemoňa diňe synpy pozisiýadan çemeleşmek hemony «gyzyl» ýa-da «ak», «ýaşyl» ýa-da «gara» hasaplamak hakykatyň juda ýöntemleşdirildigi bolardy. Ol ýowuz döwrüň perzendidi, onuň döwründe diňe ýekeje zada – kim biziň bilen däl bolsa, ol bize garşydyr diýen pikire gulluk edilýärdi. Şeýlelikde, Eziz han kim bolupdyr? Onuň hakyky keşbi nähili, onuň hereketleriniň düýp manysy nämede? Bu sowallara bir manyly jogap berip bilmersiň!

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.