Könelmeýän söz

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Kakajan Ataýew
Neşirýat:Magaryf
Bölüm:
Sahypa:43 sahypa
Formaty: Softcover
Göwrümi:1.64 mb

(Kakamyrat Ataýew-Könelmeýän söz)

Salam okyjy!
Eliňi ber! Görüşeli! Hawa, biziň özara gatnaşyklarymyzyň ählisi salam bilen
başlanýar. Adamlar her gün bir-birlerini görenlerinde, ilki salamlaşýarlar, hal-ahwal soraşýarlar. ¸Sonda olar tüýs ýürekden çykýan arzuw-umytlaryny birek-birege  parahat durmuş, bagtly ýaşaýyş, berk jan saglyk isleýändiklerini beýan edýärler. Biz diňe bir öz ýakyn tanyş-bilişlerimiz, dost-ýarlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen däl, eýsem tanamaýan-bilmeýän adamlarymyz bilen-de saglyk-amanlyk soraşýarys. Salamlaşmanyň bellenilen takyk wagty-sagady ýa-da belli bir görkezilen orny bolmaýar. Adamlar gije-gündiziň bütin dowamynda öýde-de, işde-de, ýolda-da, ýygnanyşyklarda-da, mahlasy nirede, näwagt bolsa-da, ilki duşuşanlarynda «Salam» diýen söz bilen biri-birlerine ýüzlenýärler. Ol ýüzbe-ýüz bolnan halatda-da, başga biriniň sargydy bilen-de, telefon, telegraf arkaly-da, hat üsti bilen-de berjaý edilýär.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.