Nejep oglan Dessany

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Halk dessany
Neşirýat:Türkmenistan
Bölüm:
Sahypa:604 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.32 mb

(Nejep oglan-Dessany)

Çapa Taýýarlanlar: K. Seýitmyradow

Redaktor: D. Haldurdy

Sözbaşy

Awtorynyň kimdigi barada ynançly maglumat bolmadyk, bir eýýämden bäri bagşylaryň repertuaryna girip, diňe şolaryň ýatdan aýtmaklary arkaly biziň günlerimize gelip ýeten eserleriň biri-de «Nejep oglan» dessanydyr. «Nejep oglan» dessanynyň teksti 1939-njy ýyldan başlap, aýry-aýry bagşylaryň dilinden ýazylyp alynýar. Häzir biziň elimizde dessanyň köneürgençli bagşylar: Mämmedanna Sopyýewden, Nury Halykowdan, Artyk Durdyýewden, tagtaly bagşylar: Öre Seýitmädowdan, Öre Käbäýewden, Gylyç Ödäýewden ýazylyp alnan doly wariantlary bar. Dessanyň ähli wariantlarynyň sýužet ýordumynyň birmeňzeşräk bolmagyna garamazdan, olaryň her birinde dürli häsiýetdäki tapawutlara-da duş gelinýär: Bar wariantlar ilki bilen möçber tarapdan tapawutlanýar. Şygyr setirleriniň sanynyň köplügi boýunça Mämmedanna Sopyýewiň warianty birinji orunda, Nury Halykowyňky ikinji, Öre Käbäýewiňki üçünji, Öre Seýitmädowyňky dördünji, Artyk Durdyýew bilen Gylyç Ödäýewiňki bolsa soňky orunlarda durýarlar.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.