Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: atçylyk; weterinar lukmançylygy).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik; weterinar we sanitar ekspertizasy).

2. Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugurlary: atly sport we atly syýahatçylyk; milli at üstündäki oýunlar).

3. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugurlary: sirk sungaty).

4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda).

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy günleri;

  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 3-i, 5-i we 7-si günleri;

  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 10-y we 12-si günleri;

  •  Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri;

  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 16-sy we 18-i günleri;

  • Balkan welaýaty— awgust aýynyň 15-i, 17-si we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: atçylyk, weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: atly sport we syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: sirk sungaty — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň salgysy: Arkadag ş., Aba Annaýew şaýoly, 30, tel.: 57-80-38.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 6-njy saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

  • Aşgabat şäher 12-nji saglyk öýiniň Büzmeýin şahamçasy; 

  • Aşgabat şäher 16-njy saglyk öýi; 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

  • Hazar şäher hassahanasy;

  • Gumdag şäher hassahanasy;

  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Gyzylarbat etrap hassahanasy;

  • Bereket etrap hassahanasy;

  • Magtymguly etrap hassahanasy;

  • Etrek etrap hassahanasy;

  • Esenguly etrap hassahanasy;

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

  • Dänew etrap hassahanasy;

  • Kerki etrap hassahanasy;

  • Köýtendag etrap hassahanasy;

Mary welaýaty

  • Mary şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Baýramaly şäher saglyk öýi;

  • Ýolöten etrap hassahanasy;

  • Sakarçäge etrap hassahanasy;

  • Tagtabazar etrap hassahanasy;

  • Mary etrap hassahanasy;

  • Wekilbazar etrap hassahanasy;

  • Murgap etrap hassahanasy;

  • Türkmengala etrap hassahanasy;

  • Garagum etrap hassahanasy;

  RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Balkan welaýaty (Balkanabat şäheri, 800222)

№ 21 mekdep, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, telefon: 2-07-06

Daşoguz welaýaty (Daşoguz şäheri, 800322)

Türkmen oba hojalyk instituty, Ruhnama köçesi, 94,  telefon: 5-26-39

Lebap welaýaty (Türkmenabat şäheri, 800422)

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mek­de­bi, Dostluk şäherçesi, Zelili köçesi1, telefon: 9-87-71, 9-89-56  

Mary welaýaty (Mary şäheri, 800522)

№15 mekdep, Galkynyş köçesi1, telefon: 7-73-64, 7-73-65

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

1 mekdepKeýmir kör köçesi1, telefon: 3-62-14

Aşgabat şäheri (80012)

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, 2009–njy (Görogly) köçe, 143, telefon: 34–27–46, 34–07–77, 34–25–64.


Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.