Türkmen döwlet maliýe instituty (Magistratura)

Türkmen döwlet maliýe instituty (Magistratura)

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: telekeçilik we maliýe).

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Instituta taýýarlygyň telekeçilik we maliýe ugruna ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

  • Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 20-21-ne geçirilýär.

Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:

taýýarlygyň ugry: telekeçilik we maliýe — ykdysady nazaryýet, maliýe.

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-07-92.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi; 
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi; 

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;
  • Kaka etrap hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasy;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;
  • Hazar şäher hassahanasy;
  • Gumdag şäher hassahanasy;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy;
  • Serdar etrap hassahanasy;
  • Bereket etrap hassahanasy;
  • Magtymguly etrap hassahanasy;
  • Etrek etrap hassahanasy;
  • Esenguly etrap hassahanasy;

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;
  • Kerki etrap hassahanasy;
  • Dänew etrap hassahanasy;

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi;
  • Ýolöten etrap hassahanasy;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy;
  • Mary etrap hassahanasy;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy;
  • Murgap etrap hassahanasy;
  • Türkmengala etrap hassahanasy;
  • Garagum etrap hassahanasy;

 

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2023-nji ýylyň 17-30-njy  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Aşgabat şäheri, Türkmen döwlet maliýe instituty

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.