Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Çeşme: | Türkmenistan gazeti |
Tags: | - |
TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY
2025/2026-njy okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (senagat pudagynda)» ugruna talyplyga kabul edýär:
Instituta magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň ugruna ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýarlary giriş synagynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
• Giriş synagy we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) 2025-nji ýylyň 8-9-njy awgusty aralygynda geçirilýär.
Giriş synagy maglumat ulgamlary we tehnologiýalary boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda, döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenen wagtda giriş synaglaryna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synagynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-19, 28-18-29.