Gamgyn bolma

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Aid al-Karni
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:133 sahypa
Formaty: Softcover
Göwrümi:0.86 mb

(Aid al-Karni-Gamgyn bolma)

Terjime eden: Rahmet Gylyjow

Häzirki zaman arap dünýäsinde iň naýbaşy eserleriň biri hökmünde ileri  tutulýan bu kitap dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi. Bu kitap dargursaklyk dünýäsinde ýaşaýan, gaýgy-gamlardan we ünjülerden ýaňa egbarlap, egni ýegşeren ýa-da daşyny  mähnet-muşakgatlar gurşan,  ýa düşegini birahatlyga eýeledip, ukusyny aladalara aldyran adamlar üçin ýazylypdyr.   
Bu kitap adamlaryň ruhubelent,  şadyýan bolmagyny, ähli wagtda hem umytdan düşmezligini ündeýär. Geljegiňe bolan ynamy,  şeýle hem duş gelýän böwetleri we kynçylyklary  ýeňip biljekdigiňe bolan gaýraty terbiýeleýär. Ahlak arassalygy, watansöýüjilik, her bir zady  ýagşa  ýormaklyk, maksada okgunly hereket etmeklik  ýaly ilkinji nobatda  ýaşlara gerekli gylyk-häsiýetleri özüňde jemlemegiň  ýollaryny salgy berýär.    Ýylgyrmagy we özüňi bagtly duýmagy, ruhubelent bolmagy we ynjalmagy sargaýar.  
Bu kitap ynsanyň tebigata ters gelýän hatalaryny, säwliklerini düzeltmäge, ýol-ýörelgeler, adamlar, zatlar, wagt we mekan bilen sazlaşykly  ýaşamagyna goltgy bolar diýip pikir edýäris.  Bu kitap durmuş akymynyň tersine ýüzmegi, gutulgysyz  takdyryň garşysyna gitmegi, däp-dessurlara boýun bolmazlygy we delilleri inkär etmegi  düýbünden gadagan edýär. Gaýta ol özüňe  ýakyn bir  ýerden, göwün gulaklaryňa pyşyrdap: “Gözel geljegiň üçin  köşeş, özüňe berlen mümkinçiliklere daýan, zehiniňden miweleri  ýol, durmuşy tutuksy görkezýän zatlary, ömür gussalaryny we  ýörelen ýoluň argynlygyny hemişelik unut” diýmek isleýär. Häzirki zaman arap dünýäsinde iň naýbaşy eserleriň hatarynda durýan bu kitapdan käbir parçalary “Nesiliň” okyjylaryna hödürleýäris

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.