Ak ýelken

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Agageldi Allanazarow
Neşirýat:Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Bölüm:
Sahypa:448 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:1.24 mb

(Agageldi Allanazarow-Ak ýelken)

Çeper edebiýat näme?

Edebi zehin näme?

Wagt geçýär, täzeden-täze, ezberden-ezber ýazyjy-şahyrlar orta çykýar. Her täze zehiniň edebiýat meýdanyna gelmegi bilen, ýokarky soraglaryň jogaby gitdigiçe aýdyňlaşaýjak ýaly welin, tersine, ol barha çylşyrymlaşýar. Sebäbi her bir çyn zehin edebiýata heniz belli bolmadyk öwüşginler, öwrümler, tärler, keşpler getirýär. Anha, onsoň, ýaňybir çözgüdini tapdym edeňkirlän sowalyň üstüne täze sowallar münýär. ...Çärýek asyr mundan öň, ýaşajyk talypkak, «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda şol wagtky ýaş ýazyjy Agageldi Allanazarowyň «Ýedi däne» atly ilkinji powesti çap edildi. Mugallymlaryň maslahaty bilen, Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda bu eser barada pikir alyşmagy karar etdik. Maslahata ýazyjynyň özem geldi. Şonda talyp talabymyz, gögele gömelteýligimiz, jahyl jedelkeşligimiz bilen, powestiň üstüne topulyşymyz ýadyma düşýär. Ýazyjynyň bar aýdylanlary ünsli, sabyrly diňläp oturyşam ýadymda...

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.