Arkadagym agtyklar

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Anna Paýtyk
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:158 sahypa
Formaty: Softcover
Göwrümi:0.75 mb

(Anna Paýtyk-Arkadagym agtyklar)

...Diýseler, diýibersinler. Men-ä dünýä-de ukudan süýji zat bardyr öýdemok. Dogry, gowy zatlar köp. Tagamlyja iýmegem gowy. Şirin-şerbet içmegem gowy. Özüň ýalylar bilen şapadaňlap oýnamagam hezil. Ýöne hemmesinden uky süýji. Sebäbi iýmänem oňup bolýar, oýnamanam oňup bolýar. Uklaman oňup bolanok. Muňa men pugta göz ýetirdim. Öten ýyl erikden ýykylyp, aýagymy döwdürdim. Edil injigimden iki ýeri çat açypdyr. Özem çep aýagym — iň gerekli aýagym. Sebäbi men çepbekeý döräpdirin. Şonda her ýaşyňa bir gün keselhanada ýatmaly borsuň diýdiler. Her ýaşyňa bir gün — muny aýtmak aňsat. Hasaplap gördüm welin, tutuş bir hepde bilen ýarty hepde, ýene bir günem üstüne. Ýalňyşdyr öýdüp, öwran-öwran hasapladym. Barmagymy büküp, sanap gördüm, näçe sanasaňam üýtgänok. Men gaty köp ýaşandygymy şonda bildim. Onça ýaş nämä gerek. Alty ýa ýedi ýaşymda bolsam bolmaýarmy. Ýekeje hepde ýatyp, çykyp ötägitmeli. Indi öküneniň peýdasy ýok. Dyzyňa çenli süňk ýaly edip gipsläp, aýagyňy ýokardan asyp goýansoňlar, garagyňam akar ýatman. Insizje krowatyň üstünde ýat güýlün-de. Sakgally medsestraň iňirdisem üstesine: «Keselhanada ýatasyň gelmese, ozal dek gezerler. Maýmyn bolaryn öýtdüňmi, şahadan-şaha böküp...» 

PDF görnüşinde taýýarlan: www.vk.com/oka_owren_doret toparynyň admini 
Begenç Begmämmedow we Ýusup Berdiýew . 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.