Uruş döwrüniň oglany

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Anna Paýtyk
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:106 sahypa
Formaty: Softcover
Göwrümi:0.50 mb

(Anna Paýtyk-Uruş döwrüniň oglany)

Iňňän uzakda, Garagumuň eteginde, Murgap derýasynyň çägä siňip gidýän ýerinde meniň eneden doglan obam ýerleşýär. Ol oba meniň şu eserimiň gahrymanlarynyň ýaşaýan obasyna diýseň meňzeş. Üsti keçe-durluk bilen basyrylan, ak gamyşly gara öýler, baryp-ha heniz men döremänkäm gurnalypdyr. Ýöne olar şu wagtam iki boýy tally ýabyň ýeňsesinde uzyn hatar bolup otyrlar. Sebäbi, nirede suw bolsa, şol ýerde-de ýaşaýyş bar. Özge ýerde bilemok, bizde-hä şeýle. 

 Men döwletli hasap edilýän maşgalada dogulsam-da, gün-güzeranymyzyň weji ýokdy. Sebäbi, 1934-nji ýylda, ýaňy dört ýaşym dolanda kakam ýogaldy. Ylaýtada uruş başlanansoň, günümiz kynaldy. Aýal doganlarym durmuşa çykyp, hersi bir ýere düşdi. Özümden uly ýalňyz erkek doganym Juma bolsa, on dokuz ýaşyny dolduryp-doldurmanka, fronta gitdi. Şeýdip, öz gahrymanym Kössegiň enesi bilen galyşy ýaly, bizem bir goly şikesli ejem ikimiz galyberdik. Men, meniň dostlarym — ählimiz uruş döwrüniň oglanlarydyk. Ähli oglanlar ýaly, bizem oýnardyk, garagollygam ederdik. Ulular bilen işlärdik, gaýgy-gussany-da deň paýlaşardyk. 

PDF görnüşinde taýýarlan: www.vk.com/oka_owren_doret

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.