Kalbymyň senasy

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Nobatguly Rejepow
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:389 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:1,82 mb

Nobatguly Rejepow-Kalbymyň senasy

Daglaryňyz beýik bolsun, bulutlary 

lemmer-lemmer. 

Daşlaryňyz lagyl-mermer, derýalarnyz tereň 

bolsun. 

Seýkin basyp gelsin ýazlar, 

kenizleri — näzik ýeller, 

Çal dumanly jülgelerde umga bolsun, jeren 

bolsun. 

 

Ýelden ýyndam bedew bile şan getiriň iliňize, 

Hiç kim dutaryndan gaýry ýanyna ýarag almasyn, 

Biliňizden önen  perzent kuwwat bolsun biliňize, 

Ýüregňizden önen gyzlar ýürege ýara salmasyn. 

 

Gasyn düşse ýüzüňize, diňe ýylgyrmadan düşsün, 

Gara gözler ýaksa eger ýylgyryp ýaksyn janyňyz. 

Nanyňyz deý nurana Gün gögüňizden şugla saçsyn, 

Tamdyrňyzdan tylla Gün deý lowurdap çyksyn 

nanyňyz. 

 

Kalbyňyzda ene kimin otursyn päk ynsabyňyz. 

Dost dogandan zyýat bolsun, dogan dostuňdan zyýada, 

Küpürsäp ýatan toprakda gögersin, goý, yhlasyňyz, 

Guruň ajap şäherleri — meňzesin diňe hyýala. 

 

Geçmişiňiz çuňdur siziň, 

geljegiňiz juda beýik, 

Türkmeniň adyn baýdak deý al asmana göteriň siz, 

Gül diýarda ýaýrap-ýazlyp, 

Gül diýarda söýlüp-söýüp. 

Köpeliň siz, 

Köpeliň siz! 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.